Prezident 'şertleriň höwesli işlemäge ýardam berýändigini' aýdýar, daýhanlar 'şert pes' diýýär

Lebaply pagtacylar. Arhiw suraty.

Türkmenistanda pagta ýygymy dowam edýär we, döwlet baştutanynyň ozal beren tabşyrygy esasynda, şu ýyl soňky gezek 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramyna çenli planlaşdyrylan pagta hasylynyň ýygnalyp alynmagyna garaşylýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew golaýda geçirilen wideoşekilli maslahatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak barada döwlet baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi, emma bu hasabatda göz öňünde tutulan pagta hasylynyň näçe möçberiniň harmana tabşyrylandygy, döwlet planynyň wagtynda dolunjagy ýa dolunmajagy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Mundan öň prezident Berdimuhamedow pagta ýygymynyň depgininiň haýallygyndan birnäçe gezek nägile bolupdy we gowaça meýdanlaryna tehnikanyň ýeterlik möçberde çykarylmandygyna “ünsi çekipdi”.

Özbek metbugatynyň maglumatyna görä, şu ýyl Özbegistanda öndürilen 550 sany pagta ýygýan maşynyň 50-sinden başgasy Türkmenistana eksport edildi. Eger Türkmenistanyň mundan öňki ýyllarda satyn alan pagta ýygýan maşynlaryny hem nazarda tutsaň, gowaça meýdanlarynda kombaýn ýetmezçiligi bolmaly däl ýaly görünýär.

Prezident 16-njy oktýabrda geçiren iş maslahatynda, öňkülerinden tapawutlylykda, pagta ýygymynyň depgini, haýallygy ýa tizligi hakynda anyk bir zat aýtmady. TDH-nyň ýazmagyna görä, döwlet baştutany diňe “tehnikalaryň talabalaýyk işledilmegini gazanyp, meýdanlardaky iş depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi”.

Şeýle-de TDH prezidentiň “daýhanlar üçin döredilýän şertler” barada gürrüň edendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Berdimuhamedow “döredilýän şertleriň daýhanlaryň höwesli zähmet çekmegine ýardam berýändigini” aýdypdyr. Bu şertlere “pagtaçylaryň armasynyň ýetirilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi” bilen bilelikde “tehnikalaryň netijeli işledilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy” hem girýär.

Mundan öň prezident daýhanlaryň ýerden ýokary hasyl almagy üçin ähli şertiň döredilýändigini kän gaýtalaýardy, ýagny daýhana tehnika, dökün, suw kömeginiň berilýändigini nygtaýardy. Emma ol soňky çykyşlarynda ýurtdaky dökün ýetmezligini boýun aldy, oba hojalyk reformalarynyň netijeli bolmandygyny, ýerleriň şorladylýandygyny we hasyllylygyň pes bolmagynda galýandygyny tassyk etdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan daýhanlar şundan soň prezidentiň düýpli çäreleri görmegine, ýa-da bolmasa agrar pudakda dörän problemalar barada daýhanlaryň özlerine sala salmagyna garaşandyklaryny aýtdylar. “Emma bu zatlaryň hiç biri bolmady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly ahally daýhan Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda talap edilýän pagta hasylyny ýetişdirmek we döwletiň bellän planyny dolmak sowet döwründe-de uly problemady we bu ýagdaý artdyryp ýazmalara, giň ýaýran korrupsiýa, şonuň bilen bir hatarda çaga zähmetniň, mejbury zähmetiň giňden ulanylmagyna, gadymdan gelýän ekin suwaryş medeniýetiniň ýitirilmegine we ýerleriň tutuş ýurt boýunça şorladylmagyna alyp geldi.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky ilkinji prezidenti-de, ikinji prezidenti-de ýeri, sowet döwründäki ýaly, doly döwlet eýeçiliginde saklap galdy we daýhanlardan kärendesine alan ýerlerinde esasan galla we gowaça ekmek talap edilýär.

Şeýle-de döwlet daýhanyň öndüren önümini diňe öz islegine görä, ýagny öz kesgitlän nyrhyndan satyn alýar.

“Döwletiň pagtany satyn alyş nyrhlary ençeme ýyllar bäri üýtgemän gelýär, emma tehnika, dökün ýaly zatlar üçin nyrhlar ençeme esse gymmatlady, hatda indi ýygymçylara hem her kilogram pagta üçin 20 teňňä derek 40 teňňe tölemeli, daýhanyň gazanany bezenenine däl, iýjek çöregine hem ýetenok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ahally daýhan Azatlyk radiosyna aýtdy.

Munuň üstesine, bu ýylyň pagta ýygymy ýurtda garaşsyzlygyň başyndan bäri ilata berilýän sosial ýeňillikleriň ýatyrylan wagtyna, suw, elektrik, gaz tölegleriniň gymmatladylmagyna, çagalar baglaryna gatnaýan çagalar üçin tölegleriň on esse ýokarlandyrylmagyna gabat geldi. Şol bir wagtda ýurt içinden daýhanlaryň köçeleriň bejerilmezliginden, oba ýerlerindäki durmuş şertleriniň agyrlygyndan barha kän lapykeç bolýandyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.