Somali partlamasynda ölenleriň sany azyndan 85 adama ýetdi

Mogadişu, partlama bolan ýer. Arhiw suraty

Somaliniň paýtagtynda köp adamly ýerde guralan uly bomba hüjüminde ölenleriň sany azyndan 85-e baryp ýetdi. Polisiýa 14-nji oktýabrda, hökümet binalaryna we restoranlara ýanaşyk duran myhmanhananyň daş işiginde partladylan ýük maşynynyň 100-den gowrak adamy ýaralandygyny hem aýtdy.

Häkimiýetler şäheriň Medina etrabynda bolan partlamada hem azyndan iki adamyň ölendigini aýtdylar. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady, emma Somaliniň hökümeti bu hüjümi “Al-Kaýda” bilen iltewli “Al-Şahab” ekstremist toparyndan gördi.

"Olar somaly halkynyň, eneleriň, atalaryň we çagalaryň janyny gaýgy etmeýärler” diýip, premýer-ministr Hassan Ali Khaire aýtdy.

Prezident Mohamed Abdullahi Mohamed üç günlük ýas yglan etdi we somali halkyny ýaralylar üçin gan bermäge çagyrdy.