Gyrgyz saýlaw resmileri Gyrgyzystanyň prezident saýlawlarynyň deslapky netijeleriniň Sooronbaý Jeenbekowyň, iş başyndaky prezident Almazbek Atambaýewiň syýasy ýaranynyň 54 prosentden gowrak ses bilen ýeňendigini görkezýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý ikinji tapgyr bäsleşik geçirmek zerurlygyny aradan aýyrýar.
Jeenbekowyň esasy ýarany Ömürbek Babanow saýlawçylaryň 34 prosente golaýynyň sesini aldy diýip, Merkezi saýlaw komissiýasy 15-nji oktýabrda aýtdy.
Deslapky sanlar ses berişlige gatnaşygyň 50 prosentden sähel gowrak bolandygyny görkezýär.
15-nji oktýabrda Gyrgyzystanda 1991-nji ýylda SSSR dargaly bäri ilkinji gezek häkimiýetiň parahatçylykly görnüşde halk tarapyndan saýlanan bir prezidentden beýleki prezidente geçmegini üpjün etmegine garaşylýan prezident saýlawlary geçirildi.
Hapa hile-mekirlikler, tussag etmeler, “adminstratiw serişdeleriň” ulanylmagy barada aýdylýanlar kampaniýa öz täsirini ýetiren hem bolsa, ses berişlik Gyrgyzystanyň sebitdäki awtoritar deňizdäki demokratiýa adasy bolmak mazmunyny berkitjege çalym etdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Kanun tarapyndan yzygider ikinji möhlete bäsleşige çykmagy gadagan edilen prezident Almazbek Atambaýewiň ornuna jemi 11 kandidat bäsleşdi we olaryň arasynda aýal kandidat hem bar.
Ses berişlik, deslapky netijeleriň iki sagat soň belli bolmagyna garaşmak bilen, ýerli wagtda ir sagat 8-de başlandy.
Öňdebaryjy üç kandidatyň ählisi - Ömürbek Babanow, Temir Sariýew we Sooronbaý Jeenbekow – Atambaýewiň prezidentlik döwründe premýer-ministr bolan adamlar we bu ýagdaý köplenç goňşulykdaky Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky bähbit ýaryşlaryny gyradaňleşdirmeli ýurtdaky syýasatyň dowam etdiriljegi baradaky umytlary ýokarlandyrdy.
“Men öz erkinlik söýüji halkymyzyň soňky iki ýylda diktator režimlerine garşy iki sany halk rewolýusiýasyny gurnanlygyna buýsanýaryn, bu Gyrgyz respublikasynda häkimiýetiň mümkin bolan ýeke-täk çeşmesiniň halkdygyny subut etdi” diýip, Atambaýew kampaniýa döwründe aýtdy.
Atambaýew Gyrgyzystanyň soňky ýyllarda parahatçylyk we durnuklylyk gazanandygyny we “post-sowet Merkezi Aziýasynda ilkinji we ýeke-täk parlament demokratiýaly ýurda öwrülendigini” belledi.
Iki rewolýusiýanyň we ençeme galmagally saýlaw kampaniýasynyň içinden geçmek bilen, esasan musulmanlardan durýan 6 million ilatly öňki sowet respublikasy regionyň bäş sany ozalky sowet döwletiniň arasynda bir anomaliýa – umumy kadadan çykma öwrüldi: esasan awtoritar režimleriň agalyk edýän sebitinde iň demokratik ýurt hökmünde tanaldy.
Regionda geçirilýän saýlawlaryň köpüsinde iş başyndaky prezidentleriň köplenç azyndan 90 prosent ses alýandygy görünýän bolsa, bu ýekşenbede Gyrgyzystanda geçirilýän saýlawlar öňünden aňrysyny görmek aňsat bolmadyk bir uçuryma öwrüldi.
Atambaýewiň syýasy ýarany, 58 ýaşyndaky Jeenbekow 47 ýaşyndaky baý telekeçi we demirgazykdan ozalky nebit söwdagäri Babanow bilen bäsleşikde iş başyndaky prezidentiň syýasy tutarlaryny we goldawyny ulandy.
Günbatar goldawyndaky döwletden aýry guramanyň, Demokratiýa we raýat jemgyýeti koalisiýasynyň çykaran netijelerine görä, olaryň hiç biri görnetin öňe saýlanmaýar: pikir soramalarda Jeenbekow 41 %, Babanow 39 % çemesi goldaw aldy.
Emma muňa garamazdan, Babanow Bişkekde ses berip, özüniň Gyrgyzystanyň indiki prezidenti boljagyna “doly ynanýandygyny” aýtdy.
Eger-de ses berişligiň birinji tapgyrynda kandidatlaryň hiç biri köplügi gazanmasa, düzgün bolşy ýaly, iki öňe saýlanan kandidatyň arasynda ikinji tapgyr bäsleşik geçirilmeli.
Birleşen Ştatlaryň German Marşal fondynyň Ýewraziýa meseleleri boýunça eksperti Mihail Romanowskiniň pikirine görä, “Gyrgyzystandaky saýlawlarda adam garaşmasyza garaşmaly”.
“Raýatlar häkimiýet başyndakylara ahyrynda buýrugy özleriniň berýändiklerini we häkimiýetleriň öz hereketleri üçin hasap bermelidigini subut etdiler. Bu çemeleşme syýasy plýuralizmiň hem-de hakyky saýlaw bäsleşiginiň ilerlemegine itergi berýär” diýip, ol aýtdy.
Saýlaw kampaniýasy 2005-nji we 2011-nji ýyllardaky rewolýusiýalarda iki lideriň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren durnuksyzlygyň esasynda ýatan hapa emeller we görnetin korrupsiýa aýyplamalary bilen utgaşdy.
Hökümet tankytçylar saýlaw kampaniýasyna oppozisiýadaky Ata-Meken partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýewiň awgustda jenaýatda ýazgarylmagynyň kölege salandygyny aýdýarlar, sebäbi tarapdarlary Tekebaýewiň türmä basylmagynyň syýasy sebäplidigini öňe sürýärler.
Şu aralykda hökümet Babanoway saýlawçylaryň seslerini satyn almak synanyşygynda aýyplady, geçen aý bolsa, saýlaw döwründe agdarylyşyk planlaşdyrýar diýip, onuň goldawçylarynyň birini tussag etdi.
Babanow bu aýyplamalary ret etdi we öz gezeginde hökümetiň öz kandidatlygynyň garşysyna we Jeenbekowyň peýdasyna “adminstratiw serişdeleri” ulanýandygyny öňe sürdi.
Gyrgyzystanyň esasy ýarany bolan Russiýa saýlawlar babatynda bitarap duran hem bolsa, goňşy Gazagystanyň awtokraty Nursoltan Nazarbaýew sentýabrda Babanowy goldaýan şekilde görnüp, garaşylmadyk ýerden bu kampaniýanyň içine aralaşdy.
Bu ýagdaý Atambaýewiň berk gaýtawulyna sebäp boldy, ol öz sözlän sözünde öz ýurdunyň demokratik prinsiplerini öwüp, Nazarbaýewi korrumpirlenen “soltanlar” tarapyndan dolandyrylmakda aýyplady.
Şeýle-de Atambaýew 13-nji oktýabrda dartgynlyklary ýitileşdirmegi we Babanowy bildirgisiz tankytlamagy dowam etdirip, ady tutulýan öňdebaryjy kandidaty daşary ýurdyň “altylygy” diýip atlandyrdy.
Gazagystanyň hökümeti bu aýdylan sözleriň “kabul ederlik” däldigini aýtdy we şu hepde, howpsuzlyk aladalaryna salgylanyp, gyrgyz-gazak serhedine edilýän kontrollygy güýçlendirdi.