Berdimuhamedowyň 'güjükli diplomatiýasyndan' soň Türkmenistan GDA başlyk bolýar

G.Berdimuhamedow W.Putine kiçijik alabaýy sowgat berdi. Soçi, 11-nji oktýabr, 2017.

Türkmenistan 2018-njy ýylda Russiýa we Täjigistan bilen egindeşlikde, 2019-njy ýylda bolsa başlyk hökmünde, GDA-nyň gezekli ýolbaşçylygyny kabul eder. Bu barada 11-nji oktýabrda Soçide, GDA-nyň giňişleýin düzüminde geçirilen sammitinde habar berildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň sammitinde söz sözläp, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmagyna garamazdan, Aşgabat adatça sebitde Sowet Soýuzy darganyndan soň döredilen guramalaryň işine gatnaşmakdan umuman çeke durýar we bu ýagdaýy özüniň bitaraplyk durumy bilen düşündirýär.

Berdimuhamedowyň birden, öňünden habar berilmezden Soçä gelmegi hem-de Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-nyň gezekli başlyklygyny kabul etjekdigi baradaky habar türkmen prezidentiniň 9-10-njy oktýabrda geçen Ýaşulular maslahatynda ýurt bitaraplygynyň ähmiýeti barada ýene bir gezek aýratyn durup geçmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan öň, oktýabryň başyndda ol Aşgabatda rus kärdeşi bilen duşuşyp, ikiçäk we giňişleýin düzümde gepleşik geçirdi, emma şol wagt Aşgabadyň GDA egindeş başlyklygy barada hiç zat aýdylmady.

Şeýle-de Berdimuhamedowyň Soçä bu gezekki sapary onuň Putune sowgat beren “Wepaly” lakamly güjüginiň döreden ýakymly duýgulary bilen rus-türkmen gatnaşyklarynyň gaz söwdasynda turan oňuşmazlyklardan soň birden ýumşaşyp başlandygyny alamatlandyrdy diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly synçy aýtdy.

Berdimuhamedowyň Soçä geçen ýylyň noýabrynda eden saparyndan soň, “Argumenty Nedeli” neşiri “Hatda Türkmenistan hem pul sorap başlady” diýip ýazdy. Şonda türkmen prezidenti öz rus kärdeşi bilen ýapyk gapylaryň arkasynda gepleşdi we Putinden soralandygy aýdylýan 2 milliard dollar möçberindäki karz baradaky gürrüň tassyklanman galdy.

Şonda 2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda çap edilen makalada neşir Putiniň bu möçberdäki puly “diňe Türkmenistanyň daşary-syýasat we daşary-ykdysadyýet bähbitlerinden el çekmeginiň öwezine” berip biljekdigini ýaňzydypdy.

“Bu ýerde gep ‘Gazpromyň’ alýan türkmen gazynyň bahasy, şeýle-de Türkmenistanda rus harbylarynyň ýerleşmegi barada gidýär. Umuman, bu ylalaşyk Kremliň tutýan ýoluna, şeýle-de hut Wladimir Putiniň özüniň post-sowet giňişliginde Moskwanyň agalygyny ornaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatyna görä kesgitlener” diýip, “Argumenty Nedeli” öz çaklamasyny orta atypdy.

Berdimuhamedowyň Soçä 11-nji oktýabrda eden saparynyň “Argumenty Nedeliniň” çaklamalary bilen nähili baglanyşygynyň bardygy aýdyň däl, emma indi Türkmenistan GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga öňkülerinden köpräk “sarpa goýýan” ýaly görünýär. Berdimuhamedowyň öz sözleri bilen aýdylsa, Aşgabat GDA “Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýar”.

Şeýle-de türkmen prezidenti “GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy” barada gürrüň etdi, emma ynamyň derejesiniň pesliginiň ýa ýeterlik däldiginiň sebäplerine anyklaşdyrmady.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer Berdimuhamedowyň birden GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynam barada gürrüň edip başlamagyny Türkmenistanyň häzir “örän kyn döwri başdan geçirýändigi we dünýäde bir hyzmatdaş tapsa kaýyl bolandygy” bilen düşündirýär.

“Umuman hemişe özüni çetleşdiriji ýurt hökmünde görlen Türkmenistan häzir meniň ýadyma düşüşiçe iň çetleşen ýagdaýda ýerleşýär we miniň pikirimçe, ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan görlüp-eşidilmedik ykdysady problemalary bilen, Berdimuhamedow ýa türkmen hökümetinde kimdir biri haýsam bolsa bir ýerde nähildir bir dost ýa hyzmatdaş tapmaly diýen karara geldi” diýip, ekspert aýdýar.

Şeýle-de, Panniýeriň pikiriçe, assosirlenen agza hem bolsa, Türkmenistan GDA-nyň agzasy bolup durýar we Berdimuhamedowyň şu kyn pursatda bu ýerden haraý gözlemegi, ozalky sowet respublikalary bilen täze gatnaşyklary gurmak, söwdany ýokarlandyrmak, täze söwda ýollaryny, eksport ugurlaryny tapmak umydyny etmegi tebigy ýagdaý bolup durýar.

Panniýer “Aşgabadyň gaýtadan Moskwanyň goltugyna gysylmagy bitaraplyga nähili täsir ýetirer?” diýen soraga gülüp: “Bitaraplyk, maňa görnüşinden, puluň bar wagtyndaky eşret” diýip jogap berdi.