Adamsyny urdurmakda aýyplanýan türkmen zenany tutuldy

Illýustrasiýa suraty

Maşgalasyna dolanmakdan ýüz öwren aýalynyň yzyny idäp, Türkmenistandan Stambula gelenden soň, ýaranlaryna adamsyny urdurandygy güman edilýän türkmen migrant zenanyň türk polisi tarapyndan ele salnandygy habar berilýär.

29-njy sentýabrdaky gijede Türkmenistandan yzyny idäp gelen P.Ç. atly adamsyny Stambulyň Gaziosmanpaşa etrabyndaky işleýän ýerine duşuşyga çagyryp, "dini nikada ýaşaşýan adamy bilen onuň 5 sany ýaranyna ýençdirip, pyçakladyp soň ýitirim bolmakda günäkärlenýän, 1977-nji ýylda doglan, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy G.E. atly zenan 5-nji oktýabrda gije sagat 11 töwereginde türk polisi tarapyndan, Stambulyň Mejidiýeköý-Şişli Osmanbeý mähellesinde ele salynýar.

Adynyň anonim galmagy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir hukuk goraýjy işgäriň beren maglumatyna görä, ol iki sany türkmenistanly zähmet migranty zenan bilen bir öýde ele salnypdyr.

Adamsyny urdurmakda güman edilýän türkmenistanly G.E. atly zenan 22 sagat Stambulyň Bakyrköý etrabyndaky bir polis merkezinde saklanyp sorag edilipdir we soň Bakyrköý kazyýetine iberilipdir. Migrant zenan polisdäki düşündirşinde, aslynda adamsyny ýençdirmegi maksat edinmändigini, dini nika bilen ýaşaşýan türk raýatyna adamsynyň özüni zor bilen Türkmenistana yzyna äkitmek isleýändigini we şeýle-de özüne “gaty äsgermezçilikli paýyş sözler aýdýandygyny" gürrüň berenden soň, şeýle wakanyň ýüze çykandygyny beýan edipdir.

Türk polisiniň türkmenistanly zähmet migranty G.E. atly zenanyň beren düşündirişi esasynda adamsyny ýenjip, pyçaklamakda aýyplanýan adamlary tapmak barasynda hem gözleg-agtaryş işini alyp barýandygy habar berilýär.

Özi baradaky aýyplamalary polisde boýun alan türkmenistanly migrant zenanyň jezasy daşary ýurt raýaty bolany sebäpli, Bakyrköý kazyýetinde pul jerimesine öwrülýär. Jerime tölenenden soň G.E. atly türkmen migranty polisiň garamagynda Türkmenistandan ýörite töwella gelendigi aýdylýan gelnejesi we agasy bilen bilelikde, Atatürk adyndaky aeroportda Aşgabada gidýän uçara çenli ugradylýar. Salnan jerimäniň mukdary barasynda jikme-jik maglumat berilmeýär.

Aýalynyň Stambulda dini nikada ýaşaşan adamsy we ýaranlary tarapyndan ýenjilip, pyçaklanandygy öňe sürülýän P.Ç. atly türkmen raýatyň saglygyny bejerdýän hassahanada işleýän türkmenistanly migrant Rozubaýyň maglumatyna görä, pyçaklanandygy öňe sürülýän P.Ç. atly türkmen raýaty saglyk ýagdaýy sebäpli häzirlikçe keselhanada saklanýar.