Berdimuhamedow Putine it sowgat berdi
“Men sizi geçen doglan günüňiz bilen gutlap, size berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin. Biziň umumy bir dostumyz bar – ol alabaý iti. Men şu gün kiçijek alabaý itini öz ýanym bilen getirdim” diýip, Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Soçide geçiren duşuşygynyň dowamynda aýtdy.
RUSSIA -- Turkmen President Gurbanguly Berdymukhamedov demonstrates a Turkmen shepherd dog, locally known as Alabai, before presenting it to his Russian counterpart Vladimir Putin during a meeting in Sochi, October 11, 2017
Şondan soň, iki ýurduň liderleriniň gepleşikleriniň geçirilýän zalyna gözenekli gutyda alabaý iti getirildi. Berdimuhamedow ony alyp, Putine gowşurdy.
Rus media serişdeleriniň maglumatyna görä, prezident Putin itleri gowy görýänligi bilen tanalýar we şol sebäpli daşary ýurt liderleri oňa wagtal-wagtal itleri sowgat berýärler.
“RIA Nowosti” neşiriniň maglumatyna görä, 2010-njy ýylda Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow Putine bolgar owçarka itini sowgat berdi.
2012-nji ýylda Ýaponiýanyň Akita prefekturasynyň ýa-da adasynyň ýolbaşçysy Putine “Ýuma”, ýagny “Arzuw” lakamly iti sowgat berdi.