Ýaşulular maslahatynda mugt hyzmatlary ýatyrmak makullandy

Ýaşulular maslahaty. Arhiwden alnan surat

Şu gün Türkmenistanda Ýaşulular maslahaty ýurdaky mugt berilýän hyzmatlary tölegli hasaba geçirmek we käbir milli baýramçylyklaryň bellenilýän gününi üýtgetmek baradaky teklipler bilen öz işine başlady.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda açylan “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçýän Ýaşulular maslahatynyň dowamynda, türkmen prezidenti “ilatyň girjedijsiniň ýyldan-ýyla artýandygyny we köp sanly iş orunlarynyň döredilýändigini” öňe sürüp, ozal mugt berlen hyzmatlary tölegli etmek baradaky edildi diýilýän teklipleri makullapdyr.

Ýatlatdýarys, Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlet bilen girizildi we soňra bu mugtçulygyň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdylypdy.

Emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda geçirilýän Ýaşulular maslahatynda we hökümet mejlislerinde ilatyň ýaşaýyş durmuş şetleriniň dowamly ýokarlanýandygy öňe sürlüp, bu mugt berlen hyzmatlaryň tölegli hasaba geçirilmelidigi barada gaýta-gaýta teklipler edilipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi-de bir tarapdan ýurt içinde edýän çykyşlarynda “ýeňillikler ulgamynyň özüni doly ödemeýändigini’ aýdyp, ähli ýeňillikleri ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy tabşyrsa; beýleki bir tarapdan daşary ýurtlara edýän saparlarynyň dowamynda bu mugt hyzmatlary “ýurtda demokratiýanyň bardygynyň subutnamasy” hökmünde mysal getiripdi.

Galyberse-de, bu Ýaşulular maslahatynda mugt hyzmatlary ýatyrmak baradaky teklipleriň makullanmagy bilen, olara salynjak tölegler, ilata ýetirjek täsirleri barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmedi.

Şeýle-de, Ýaşulular maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedowa – “ýurduň abraýyny artdyrmak ugrunda eden ägirt uly tagallary” diýen düşündiriş bilen – eýýäm ikinji gezek “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen derejäni bermek baradaky teklip hem orta atyldy.

Mundanam başga, Maslahatyň dowamynda çykyş eden medeniýet işgärleri 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününi sentýabryň aýagyna geçirmegi, şeýle-de 18-nji maýda Konstitusiýa güni bilen birlikde bellenilýän Magtymgulynyň şygryýet gününi 27-nji iýuna, ýagny Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe geçirmegi teklip etdiler. Bellesek, aslynda şol gün G. Berdimuhamedowyň doglan günüdir.

Türkmen emeldarlary we mediasy iki gün dowam edýän Ýaşulular maslahatyň demokratik ýörelgeler we türkmen däpleri esasynda, köpi gören ýaşulularyň baý durmuş tejribelerini il-halk jebisligini berkitmekde peýdalanmak, döwlet gurluşynyň wajyp meselelerini bilelikde maslahatlaşmak üçin geçirilýändigini belleýär.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar hakykatda ýaşulularyň propaganda üçin ulanylýandygyny, olara hiç bir zat barada özbaşdak pikir aýtmak mümkinçiliginiň berilmeýändigini, maslahatda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň asla gozgalmaýandygyny aýdýarlar.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Agaýusup daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Hurma daýza Ýaşulular maslahatynda beýan edilýän ýagdaýlar bilen hakyky durmuşyň arasyna uly tapawudyň bardygyny aýtdy.

1991-nji ýylda gazanylan garaşsyzlygyň deslapky ýyllarynda Halk maslahaty esaslandyrylypdy. Ýurduň garaşsyzlykdan soňraky ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda bu topar türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklaryny, şol sanda döwlet işgärlerini, gullukçylary, telekeçileri, daýhanlary, jemgyýetçilik guramalaryny we beýlekileri öz içine alýardy.

Belläp geçsek, 2002-nji ýylyň noýabr aýanyň aýaklarynda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyldy diýen habardan soňra, Nyýazow herekete geçmek üçin parlamente däl-de, Halk maslahatyna ýüz tutupdy.

2006-njy ýylyň dekabrynda S. Nyýazow aradan çykansoň, Halk maslahaty bir dokumenti gyssanmaç oňlap, parlamentiň başlygy Öwezgeldi Ataýewiň eldegrilmezligini ýatyryp, onuň tussaglyk astyna alynmagyna we saglygy saklaýyş ministri Berdimuhamedowyň iş başyna gelmegine ýol açdy. Maslahat şol bir wagtyň özünde-de wagtlaýyn prezidentiň prezident saýlawlaryna goşulmagy baradaky konstitusion gadaganlygy-da ýatyrdy.

2008-nji ýylda Berdimuhamedowyň konstitusiýa girizen üýtgetmeleri bilen Halk maslahatynyň özi-de ýatyrylyp, onuň ygtyýarlyklary parlamente we kanun çykaryjy organa berildi. Soňra bu boşluk Ýaşulular maslahaty bilen doldurylypdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Ýaşulular maslahatynyň şu günki, ýagny 9-njy oktýabrda geçen duşuşygynda bu organy öňküsi ýaly – Halk maslahaty diýip atlandyrmak hem teklip edildi.