Türkmenistanda teatr möwsümi başlady. Bu ýagdaý biygtyýar dünýä türkmenleriniň teatr aladalaryny ýada salýar.
Eýsem, dünýä türkmenleriniň teatry nähili ýagdaýda? Türkmenistandan tapawutlylykda, dünýä türkmenleriniň teatry nähili problemalar bilen ýüzbe-ýüz?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Eýrandaky Türkmensähra türkmenleriniň teatrynyň problemalaryna gönükdirýär.
Gepleşigiň myhmanlary Türkmensähradaky "Turkmennews" internet saýtynyň ýolbaşçysy Ýaşar Niýazy bilen asly türkmensähraly, häzir Türkiýäniň Trakýa uniwersitetiniň Amaly-haşamlar sungaty fakultetinde işleýän alym Abdurrahman Düýeji, Eýrandaky türkmenleriň teatrynyň owalky we häzirki ýagdaýy hem problemalary barasynda dünýä türkmenlerine maglumat berýärler.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribedir-teklipleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar