Metbugata syn: diktor Berdimuhamedowyň atasynyň adyny aýdyp bilmedi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat. 2-nji oktýabr, 2017 ý.

“Wladimir Putiniň Türkmenistana eden sapary 1980-nji ýyllaryň sowet telewideniýesini ýadyňa saldy: dostlukly gujaklamalar, uzak wagtlaýyn el çarpmalar, gepleşiklerden iki esse köp wagt dowam eden agşamlyk nahary”... şu häsiýetlendirme bilen, Russiýanyň “Moskowskiý Komsomoles” neşiri rus prezidentiniň duşenbe güni Aşgabada eden sapary baradaky makalasyna başlaýar.

“Putin we Arkadag: prezidentiň Türkmenistana sapary gapma-garşylyklar bilen haýrana goýdy” atly makalada Türkmenistanyň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biridigine üns çekilip, ony sözüň doly manysynda Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirip bolýandygy hem belleniýär.

Makalanyň awtory ýurtda ornaşdyrylan gadaganlygyň köpasyrlyk gündogar myhmansöýerligine hem täsir ýetirendigini nygtap geçýär. “Prezident köşgüniň metbugat merkezinde habarçylara dört sagadyň dowamynda diňe bir çüýşe suw berdiler. Ýerli habar serişdeleriniň wekillerini bolsa – belki-de, artyk bir zatlar aýdaýmasynlar diýen gorkudan – bizden aýratynlykda sakladylar” diýip, makalanyň awtory ýazýar.

Makalada gepleşikleriň dowamyndaky edilen mahabatly gürrüňlere garamazdan, saparyň netijeleri boýunça kesgitli hiç zadyň bolmandygy, hatda özara baglaşylan 15 dokumentde hem takyklygyň göze ilmeýändigi bellenilýär.

“Iki lider hem kameranyň öňüne geçip, “dostlugyň we özara düşünişmäniň esasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigi” dogrusynda uludan-uly gürlediler. Olar iki tarapyň hem mümkinçiliklerini doly berjaý etmek üçin, ellerinden gelenini etjekdiklerine-de söz berdiler” diýip, makalada bellenilýär.

Şol bir wagtda, neşir gepleşiklerde 2016-njy ýyldan bäri Russiýanyň türkmen gazyny almagyny togtadandygy, munuň netijesinde dörän dawaly ýagdaýlar barada hiç zadyň aýdylmandygyna, umuman, “gaz” sözüniň ýekeje gezek hem dile getirilmändigine ünsi çekýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Putiniň Aşgabada eden saparynyň öňüsyrasynda taýýarlanan makalalarda iki ýurduň arasyndaky gaz dawasynyň esasy üns merkezinde boljakdygy çaklanypdy.

Bu aralykda, “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň habarçysy bolsa özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren wideosynda, – türkmen prezidentine “Aleksandr Newskiý” ordeniniň gowşurylýan pursadynda, rus diktorynyň Berdimuhamedowyň atasynyň adyny diňe üçünji gezekden dogry aýdyp bilendigini görse bolýar.

Ýeri gelende bellesek, resmi mediada, şol sanda Kremliň resmi saýtynda ýerleşdirilen wideoda, diktoryň sakynýan pursatlary kesilip aýrylypdyr.

Umuman, türkmen mediasy rus prezidentiniň Türkmenistana eden saparyny dabaralandyryp, onuň “däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň” fonunda geçendigini habar berdi.