Türkmen hökümetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Tatarystanda öndürilýän “KAMAZ-6520” kysymly awtoulaglaryň ýene 250 sanysyny satyn aljakdygy habar berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýük göterijiligi 20 tonna bolan “kamaz” ulaglarynyň 250 birligini satyn almagy baradaky karara gol çekdi.
Bu karara gol çekilmegi Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň Aşgabada, 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gelip, prezident Berdimuhamedowy Tatarystanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmen hökümeti 2012-nji ýylyň ortalaryndan soň ýurtda ýörgünli bolan hytaý ýük maşynlaryny, hususan-da “Howa” ulagyny ulanmaga çäklendirme girizip, Tatarystanda öndürilýän ‘Kamazlara” giň ýol açdy.
“Şondan bäri Türkmenistanyň ýollarynda “KAMAZ” ýük maşynlary kän görünýär. Emma “KAMAZ” maşynynyň tehniki derejesi “Howonyňkyça” ýok” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.