Owgan türkmenleri öz ýaşlaryna Türkmenistandaky ÝOJ-lardan orun ýetmeýändigini aýdýarlar

TDH-nyň baş binasy

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän daşary ýurt raýatlary barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň we Owganystanyň hökümetleriniň bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyna laýyklykda, owgan raýatlaryny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dil öwreniş okuwlaryna muzdsuz esasda kabul etmek meýilleşdirilýär diýip, TDH habar gullugy habar berýär.

Emma habarda Owganystandan Türkmenistana geljek studentleriň sany ýa olaryň näçe prosentiniň etniki türkmenler bolup biljekdigi aýdylmaýar.

Mundan öň Owganystandan Türkmenistanyň okuw jaýlaryna her ýyl 30 student alynjagy barada habarlar çykypdy we owgan türkmenleri şol studentleriň hatarynda öz ýaşlarynyň hem orun aljagyna umyt baglapdy.

Şeýle-de habarda Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlarynyň bir toparynyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dil öwreniş okuwyna kabul ediljekdigi aýdylýar.

Eýsem, Türkmenistanyň Owganystanyň raýatlaryna döredýän okuw mümkinçiliginden owgan türkmenleri hem peýdalanyp bilýärmi?

Azatlyk radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady bu barada owgan türkmenleriniň wekili Abdulgany Çerkez bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owgan türkmenleri öz ýaşlaryna Türkmenistandaky ÝOJ-lardan orun ýetmeýändigini aýdýarlar