Aşgabat 2017: Daşary ýurtly žurnalistleriň her birine iki sany ýolbelet gözegçilik edýär

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň köçedäki bildirişi, Aşgabat

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dowam etdirilýär. Guramaçylar bu çäräni şöhlelendirmek üçin daşary ýurtly žurnalistleriň ençemesini çagyrdylar, emma soň birnäçesiniň akkreditasiýa rugsadyny elinden aldylar, ýurda barmaga rugsat berlenleri bolsa berk gözegçiliginiň astynda saklaýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan žurnalistleriň biri daşary ýurtly žurnalistleriň köpüsine hatda ýaryşlary surata almaga we wideo düşürmäge rugsat berilmeýändigini aýtdy.

Günbatarly habar beriş serişdesiniň wekili her bir žurnalistiň ýanynda iki sany syýahatçylyk ýolbelediniň berkidilendigini, olaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlyk komitetinde öz kuratorlarynyň öňünde günde üç gezek hasabat bermelidigini ýaşyrman açyk aýdýandygyny gürrüň berdi.

“Meniň ýanymda iki sany gid bar, olar mydama diýen ýaly gapdalymda. Aşgabada baran badymyza bu biziň öňümizde goýlan şertleriň biridi. Men özbaşdak hereket edip bilmeýärin, olar mydama ýanymda bolmaga borçly. Olar özlerine şeýle tabşyrygyň berlendigini aýtdylar. Olar her gün üç wagtyna öz kuratorlarynyň öňünde hasabat bermelidigini hem ýaşyrmaýarlar. Olar ýaşlar – ýigit we gyz. Öz sözlerine görä, olar ýerli ýokary okuw jaýynyň studentleri. Olaryň iňlisçesi hem erbet däl, olar maňa terjime edýärler. Meniň düşünişime görä, bize iki sany gidiň berilmegi, olaryň žurnalistler bilen açyk gepleşmeginiň ýa-da ýörite gulluklardan haýsy-da bolsa bir zatlary ýaşyrmagynyň öňüni almak maksady bilen bagly”.

Azatlygyň söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, daşary ýurtly žurnalistleriň Aşgabadyň daşyna çykmagyna rugsat berilmeýär, üstesine olara islän ýerine gitmäge ýol berilmeýär. Žurnalistiň sözlerine görä, sport ýaryşlarynyň geçýän obýektleriniň territoriýasy polisiýanyň işgärlerinden we köçe süpürijilerden hyryn-dykyn.

“Bizi diňe häkimiýetleriň makullan ýerlerine äkidýärler. Biziň baran ýerlerimizde ýuwlup, ýalpyldap duran köçeler meni geň galdyrdy. Köçe süpürýän zenanlar örän köp. Olaryň hemmesi milli geýimlere geýnen, emma bize olar bilen gepleşmäge we surata düşürmäge rugsat bermeýärler. Köplenç Olimpiýa komitetiniň Azat atly ýolbaşçysy biziň ýanymyzda ýöreýär, ol daşary ýurtly habar serişdeleriniň oýunlar barada diňe pozitiw täzelikleri ýazýandygyny aýdyp, mydama öwünýär. Şeýle-de, men polisiýa işgärleriniň sanyna geň galdym. Her 20-30 metrden bir polisiýa durandyr” diýip, žurnalist özünde galan täsirini paýlaşdy.

Gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan kärdeşimiziň, şeýle-de, gürrüň bermegine görä, Aşgabat oýunlary sebäpli baran daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň aglabasyny ýaryşlar däl-de, dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri barada maglumatlar gyzyklandyrýar.

“Meniň bu ýere, elbetde, oýunlar üçin gelmedik ýeke-täk bir adam däldigimi ýaşyrjak däl. Biz Türkmenistany görmek we adaty türkmenler bilen gepleşmek mümkinçiligine eýe bolmagy umyt edipdik. Emma bize, gynansak-da, şeýle mümkinçilik bermediler. Bize Aşgabadyň daşyna gidip bilmejegimizi aýdanlarynda, men, hiç bolmanda ýerli bazarlara we edaralara baryp surat almagy umyt edipdim. Emma häzirlikçe bu başa barmady. Bizi diňe Berkarar söwda merkezine gatnadýarlar. Emma muňa garamazdan, biz bu syýahatdan iň peýdaly maglumata eýe bolmak üçin elimizden geleni ederis” diýip, žurnalist aýtdy.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary ýaryşa çagyrylan sportsmenlere, myhmanlara we žurnalistlere ýanlarynda ýolbeletleriň bolmagynyň wiza berilmegi üçin esasy şert bolup durýandygyny birnäçe aý öňünden duýdurypdy.

“Türkmenistana syýahat edende, syýahatçylaryň ýanynda mydama ýolbelet bolmaly” diýlip, guramaçylaryň maglumatynda aýdyldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Günbataryň abraýly habar beriş serişdeleriniň birnäçesiniň, şol sanda Britaniýanyň “The Guardian” neşriniň we “Associate Press” agentliginiň žurnalistlerine Aşgabada barmaga rugsat bermedi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary öň berlen akkreditasiýalaryň ýatyrylmagynyň sebäbini, bu habar beriş serişdeleri tarapyndan “gyzyklanmanyň aşa ýokary derejesi” bilen düşündiripdir.

Azatlyk Radiosynyň akkreditasiýa üçin ýüzlenmesine hem jogap berilmedi.