Hassalaryň Türkmenistandaky we Türkiýedäki tejribeleri

Keselhananyň öňünde oturan bir aýal maşgala.

Türkmenistanda saglygy saklaýyş pudagyndaky kynçylyklaryň fonunda, adamlar daşary ýurtlarda saglygyny bejertmegä ýykgyn edýärler. Türkmenistanly hassalaryň bejergi almak ýa-da saglygyny barlatmak üçin gidýän ýurtlarynyň başyny bolsa Türkiýäniň çekýändigi aýdylýar.

Saglygyny bejertmäge Türkiýä gelen türkmenistanly hassanyň aýtmagyna görä, ýurtda saglygy saklaýyş pudagyndaky hyzmatyň hiliniň gaty pesdigi sebäpli adamlar hekimleriň goýýan nädogry diagnozynyň pidasy bolýar. Ol özüne Türkmenistandaky hekimleriň goýan diagnozynda içegesine rak keseliniň ýaýrandygyna üns çekilendigini aýdýar.

"Onsoň men Stambulda işleýän bir tanyş ildeşimiň üsti bilen bärik saglygymy barlatmaga gaýtdym. Aşgabadyň aeroportynda migrasiýa gullugynyň işgärleri ýanym bilen bejergi üçin näçe pul alyp barýandygymy soranda, men bäş ýüz dollarymyň bardygyny aýtdym. Şonda bir migrasiýa gullugynyň işgäri "Gelneje, 40 müň dollaryň barmy türke gidip saglygyňy bejerder ýaly? Bäş ýüz dollarjyk nämäňe ýetjek? Seniň çynyňmy ýa-da adamlary oýnajak bolýaňmy? Hany, dogryňy aýt, türke näme üçin barýan?" diýip, maňa birsalym ezýet çekdirdi.

Menem olara "Stambulda işläp ýören garyndaşym kömek berjek. 40 müň dollar bolar ýaly men näme bir organymy çalyşjak bolýanmy? Siz hassa raýatlaryň üstünden güljek bolýaňyzmy? Men bulary hökman uly ile paş ederin" diýip, zordan olaryň elinden sypdym.

Stambulda saglygymy barlan hekim türkmen hekimleriniň tersine, gaýtam, meniň içegämde hiç hili rak keseliniň ýokdugyny aýdanynda, begenjimden tas uçupdym. Hekim ýöne ýatgyda ýeňiljek operasiýa bilen bejerilmeli ýeriň bardygyny düşündirdi. Bir hepde mundan owal operasiýa boldym we şowly geçdi” diýip, Stambulda özüni bejerden we häzir şol ýerdäki bir hassahanada ýatan türkmen zenany aýdýar.

Başga bir zenanyň aýtmagyna görä, onuň kesellän ogly Türkmenistandaky saglyk işgärleriniň "geleňsizligi" sebäpli ölümiň bäri ýanyndan gaýdypdyr. Ol zenan kesellän ogluny ahyrynda "Çagamy menem türke äkidip, beýlekiler ýaly bejertdirjek, indi bärde ýatyrjak däl" diýip, çagasyny keselhanadan alyp çykandygyny we türkmen hekimleriň hem özünden dil haty alyp galandygyny aýdýar.

"Türkmenistanda çagaň indi kän ýaşamaz diýdiler. Stambuldaky bir tanyşymyň üsti bilen Jerrahpaşa medisina fakultetiniň hassahanasyna äkidenimde: "Ogluňyzyň demir ýetmezçiligi bar" diýdiler. Türkmenistanda aýdylşy ýaly ölüm howply bir ýagdaýyň ýokdugyny aýtdylar” diýip, oglunyň saglygyny Stambulda bejerdenine begenen zenan gürrüň berýär.

Türkiýä saglygyny bejertmäge gelýän türkmenistanlylaryň barha köpelýändigini türk mediasynda çap edilýän habarlar hem tassyklaýar. Iýun aýynyň ortasynda çap bolan bir habara görä, 39 ýaşyndaky Ahmet Ş. atly türkmen raýaty hekime ýüz tutanda, "üç aýlyk ömrüň galypdyr" diýen jogaby alýar. Ondan soň Ahmet Stambuldaky "Süreýýapaşa" atly ylmy-barlag hassahanada dört ýarym aýlap bejergi alýar. Ahmet: “Bejergim, Hudaýa şükür, oňat netije berdi” diýýär.