Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýan Türkmenistana sapar eder

Ýerewan. Prezident Berdimuhamedow ermeni kärdeşi Serž Sargsýan bilen, 24-nji awgust, 2017.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýan 17-ni sentýabrda, Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin, Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar.

Bu habary ermeni prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, “Armenpress” habar agentligi habar berdi.

Prezident Sargsýany bu dabara gatnaşmaga Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji awgustynda, Ermenistana amala aşyran resmi sapary mahalynda çagyrdy diýip, habarda aýdylýar.