Özbegistanda häkim çäre sebäpli mekdep direktorlaryny ýençdi (wideo)

Häkim mekdep direktoryny urýar.

Özbek resmisi Garaşsyzlyk günündäki şowsuzlyk sebäpli mekdebiň müdirlerini ýençdi. Bu hili ýagdaýa mugallymlaryň, kärendeçileriň, hekimleriň hem duçar bolýandygy aýdylýar.

"Kun.uz" atly internet neşiriniň ýaýradan wideoşekilinde, Özbegistanyň Saýhunabat etrabynyň häkimi Garaşsyzlyk günündäki şowsuzlyk sebäpli, ýerli mekdebiň müdirine äsgermezçilikli sözler aýdyp, ony ýençýär. Waka çak edilişine görä, awgust aýynda bolup geçipdir.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Özbek häkimi mekdep direktorlaryny ýençýär

"Döwletiň garaşsyzlygy - eýsem, seniň hem garaşsyzlygyň dälmi? Ýogsa-da bu seniň üçin baýram dälmi?" diýip, etrap häkimi Nosirjon Egamberdiýew ýerli bir mekdebiň müdiriniň üstüne gygyrýar we ýaňagyna şarpyk çalýar.

Onsoň "Mundan beýläk sen etrap ýolbaşçysynyň iti ýaly bolarsyň, sebäbi muňa seniň özüň günäkär. Sen näme üçin öz etrabyňa hormat goýmaýarsyň?" diýip, ol azgyrylýar.

"Kun.uz" atly internet neşiriniň öz çeşmesine salgylanyp habar bermegine görä, Saýhunabat etrabynda Garaşsyzlyk güni 25-nji awgustda bellenmeli edilenem bolsa, soň 27-nji awgusta süýşürilipdir.

"Käbir mekdepleriň müdirleri Garaşsyzlyk güni mynasybetli jemleniş başa barmansoň 27-nji awgustda hem märekäni gaýtadan üýşürmegiň hötdesinden gelip bilmändir. Şonuň ýaly-da käbiri munyň başga güne süýşürlendiginden bihabar ekeni. Netijede, 27-nji awgustda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek çärä garaşylan ýagdaýda adam gelmändir. Welaýat häkimi Garaşsyzlyk gününiň guramaçylyk işiniň şowsuz bolmagy sebäpli etrap häkimi Nosirjon Egemberdiýewi günäkärläpdir. Ondan soň etrap häkimi bolsa mekdebiň müdirini "jezalandyrmak" isläpdir” diýip, "Kun.uz" internet neşiri ýazýar.

Urlan mekdep müdirleriniň biri bilen Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna aragatnaşyga geçmek başardypdyr. Ýöne ol howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş edip, wideoşekildäki resminiň özüni uran etrap häkimi Nosirjon Egemberdiýewdigini tassyklapdyr.

- Siz dogrudanam mugallymlara baýramçylyk çäresi barada habar bermediňizmi?

- Ýok, bu iş aslynda beýle bolmady. Baýramçylyk çäresiniň başlamagyna ýarym sagat galanda, bize mekdep müdirleriniň mugallymlary etrap stadionynda Garaşsyzlyk baýramçylygy üçin üýşürmelidigi barasynda bir SMS gelip gowuşdy. Ýagny bu habary biz çärä ýarym sagat galanda öwrendik. Çäre sagat 16:00-da başlady, bize bolsa SMS takmynan sagat 15:20 töwereginde geldi. Biz derrew ähli işgärlere habar berdik. Ýöne olar täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýändigi üçin gelip bilmediler. Şeýle ýagdaýda ir habar bermeli, ýagny iň azyndan bir gün owal habar berilse gowy bolardy. Ýöne şonda-da barybir olaryň hemmesi şeýle çärä gysga wagtyň içinde ýetişip bilmezdi. Häkimlikde sanaw bardy we ol sanawda çärä gelmedi diýip bellenenleriň sany gaty köpdi. Ana, onsoň şol günüň ertiri ol biziň hemmämizi bir ýere üýşürdi we bizi ýenjip başlady.

- Wideoşekilde etrap häkiminiň hemmeleri birlaý ýençýändigi görünýär. Şeýle ýagdaýa garaşýardyňyzmy, ýagny şeýle bolar öýtdüňizmi?

- Aslynda şeýle ýagdaýlar bolýardy. Onda-da diňe biziň bilen däl-de, galyberse-de kärendeçiler we hekimler bilen bir hatarda, beýleki pudaklaryň işgärleriniň hem başyna gelýän bir ýagdaýdy. Ýöne hiç kim muňa nägilelik bildirip bilenokdy.

- Diýmek, bu yzygiderli bolýan bir ýagdaý, şeýlemi?
- Elbetde, yzygiderli bolýar.

- Hut etrap häkimi sizi urup-ýençýärmi?

- Hawa, onda-da yzygiderli ýagdaýda, Kimde-kim mekdepde müdir ýa-da haýsam bolsa bir edaranyň ýolbaşçysy bolsa, hökman ondan taýak iýmeli bolýar. Onuň näme üçin şeýle çemeleşýändigini bilemizok. Belki, ol kimiň has güýçlüdigini subut etmek isleýändir.

- Siz etrap häkimi adamlary ýençýän mahaly urulýanlaryň arasyna bardyňyzmy?

- Men şol ýaňagyna iki gezek şapbat iýeniň hut özi. Ýöne meniň ýanymda duran müdire etrap häkimi degmedi. Sebäbi etrap häkimi ol müdiriň arza-şikaýat edip biljeginden ýa-da gaýtawul berjeginden howatyrlanýar. Biz gaty ýaş bolanymyz üçin günäkär bolmaly däl-ä. Men hem elbetde, gaýtawul berip bilerin we aýagym bilen iki gezek depip, ony agdaryp bilerin. Ýöne beýle ýagdaý biziň nämämize derkar? Etrap häkimi näme üçin biziň öňümizde beýle abraýdan gaçsyn?

- Etrap häkiminiň üstünden arza-şikaýat etmek isläňizokmy? Özbegistanyň kanunyna görä, hiç kimiň haýsam bolsa bir raýata el götermäge haky ýok...

- Elbetde, hiç hili haky ýok. Ýöne bu hemmeler bilen ilteşikli bir ýagdaý. Meselem, men arza ýazsam, ony prezidente ýa-da kazyýete iberäýsem, barybir etrap häkimi ol işi ýapdyrýar we ýene nobat maňa gaýdyp gelýär.

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň habarçysy Sirojiddin Tolibow ol resminiň öz etmişi üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmejegini öňe sürýär:

"Mugallymlaryň ýa-da döwlet edaralarynyň işgärleriniň ýenjilmegi, Özbegistanda yzygiderli hem guramaçylykly ýagdaýda gaýtalanýan bir hadysadyr. Muny Özbegistanyň döwlet dolandyrylyş ulgamynyň Stalin döwründen galan awtoritar gylygy diýip hasaplamak bolar.

Ýagny käbir kärendeçileriň ýa-da mugallymlaryň şeýle ýagdaýda ýenjilenden soň öz janyna kast eden wagtam boldy.

Ýöne Saýhunabat etrabynyň häkimi bilen baglanyşykly ýagdaýda Özbegistanyň baş sülçüliginiň derňew işini başladandygyny öwrendik. Bu nähili netije berer, ony biz bilmeýäris. Ýöne etrap häkimine ýeňil-ýelpaý duýduryş berilmegi bilen bu işiň üstüniň ýapylmagyna garaşsa bolar. Oňa garşy çynlakaý çäre görülmez".