“Aşgabadyň aeroportyna gonup çykalga gelenimde, ol ýeriniň işgärleri telefonymy elimden alyp, sen-men ýok, içindäki şahsy maglumatlarymy barlap başladylar” diýip, 27 ýaşyndaky Miwe (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Londondan yzyna dolanyp gelen Miwe, haçan-da, aeroportyň işgärleri onuň telefonynda daşary ýurtly halaşýan oglany bilen düşen suratlaryny görenlerinde, onuň üstüne “azgyrylyp” gygyrandyklaryny aýtdy.
“Halaşýanymyň şahsyýeti bilen gyzyklandylar. Soňam ‘Türkmenistanda oglan gytmy? Daşary ýurtlyny başyňa ýapjakmy?’ diýip, aglap oturanyma garamazdan hem üstüme gygyryp, hem kemsitdiler” diýip, Miwe gürrüň berdi.
Miwe ýany bilen bile uçup gelen başga-da iki jorasynyň telefonlarynyň hiç hili düşündiriş berilmezden, zor bilen alnyp, içindäki şahsy maglumatlarynyň barlanandygyny sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosyna ýokarky ýagdaýlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan, aeroport resmilerinden hiç hili düşündiriş ýa kommentariýa almak başartdy.
Şol bir wagtda, şu hepdäniň ahyrynda Aşgabatda başlamaly Aziada oýunlarynyň öňüsyrasynda paýtagtyň aeroportynda goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görülýändigi we käbir ýolagçylaryň adatdan daşary görnüşdäki barlagdan geçirilýändigi habar berilýär.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, ýolagçylar ähli howpsuzlyk gözegçiliginden we barlaglardan geçip bolandan soň, olar gümrük we serhet gullugynyň işgärlerinden daşaryn, howpsuzlyk gullugy gaýtadan itli barlagdan geçirilýär.
Mundanam başga, Türkiýede belli bir döwür zähmet migranty bolup, işläp gaýdan türkmenistanlylaryň Aşgabadyň aeroportynda has içgin sorag edilýändigine, barlanýandygyna üns çekilýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlar Aşgabadyň aeroportynda özlerinden Türkiýede haýsy ýerlerde we nähili şertlerde işläp we ýaşandygy, ol ýerde näçe pul gazanandygy, nähili syýasy we dini toparlar bilen gatnaşygynyň bolandygy, ekstremist toparlaryň hataryna çekmäge hem başga ýurtlarda din üçin söweşe gitmäge çagyryş edenleriň bolup-bolmandygy, namaz we Gurhan okap-okamaýandygy ýaly maglumatlaryň soraýandyklaryny aýdýarlar.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, golaýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda ýene bir gezek Aziýa oýunlary döwründe Aşgabatda howpsuzlygy üpjün etmek meselesine ünsi çekdi.