Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Meretmämmet Hanmämmedowy wezipesinden boşatdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Şeýle-de metbugatda ozal“Adalat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde işlän Abdulmejit Myradowyň “Dünýä edebiýaty” žurnalyna baş redaktorlyga bellenendigi habar berilýär.
Türkmenistanda resmiler işden aýrylanda adatçaolaryň “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi”, “garamagyndaky işgärlere gözegçiligi gowşadanlygy” ýa-da başga işe geçýändigi aýdylýar, emma Hanmämedowyň wezipesinden boşadylmagynyň hiç bir sebäbi görkezilmedi.