Taksiler gymmatlaýar: “Biz şonda-da plany dolup bilemzok”

Aşgabadyň ýollarynda gatnaýan taksi

Aşgabatda ençeme ýoluň ýapylmagynyň we maşyn gatnawynyň bozulmagynyň netijesinde, şäherde döwlete degişli taksiler hem, hususy maşynynda kireý edýän sürüjilerem nyrhlary juda ýokarlandyrdylar diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Mysal üçin, döwlete degişli täze ak taksiler Gülüstan söwda merkezinden 11-nji mikroraýona çenli 15 manat, Parahat-7-den täze aeroporta çenli adam başyna 20 manat soraýarlar.

“Her güne 120 manat plan berýärler. Hasaplaşyk sçetçigiňi uzakly gün öçürmän işledip goýsaň-da, şol puly uranok. Onsoň sçetçiksiz baha gurmaly bolýarys. Sebäbi plan bermeseň, aýlyk bermeýärler. Bir aýda 26 gün işlänimde plany berseem, bir müň manat aýlyk berýärler. Remonta dursam ýa işe çykyp bilmesem aýlyk bolmaýar. Ir ertir 7-den, agşam sagat 6-a çenli işlemeli. Sçetçigiň şol puly urup bilmeýändigini ýolbaşçylar bilseler-de, 120 manat plany talap ediýärler. Hany onsoň bu ýerde kanun?” diýip, bir sürüji aýdýar.

“Gijeki taksi sargytlary üçin 5 mandy dispetçere geçirmeli. 20 manady kassa geçirmeli. Käte sargyt eden adam soňra ony aýyrýar ýa ýola çykmaýar. Şonda 25 manat öz jübiňden, gidip zelele galýarsyň. Täze gelen ak taksilerde işlemek juda kyn boldy. Biz – sary taksiler şäheriň islendik ýerine baryp bilýäris. Ak taksilere diňe aeroport, wokzal, şäheriň merkezinde işlemäge görkezme berilýär. Hatda Hitrowka raýonyna-da barmak bolanok” diýip il içinde “sary taksi” diýlip atlandyrylýan döwlete degişli taksileriň sürüjisi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky döwürde taksi sürüjilere berilýän tabşyrygy[ berjaý etmegine gözegçilik güýçlendirilipdir.

“Awtoulag ministrliginden bir täze işgär geldi, taksi sürüjileriň yzyndan galman barlap ýör. Bir ak taksili sürüjini Hitrowka raýonynda tutup, duran ýerinde maşynyny elinden alyp kowup goýberdi. Bu işe ozal hem halys iş tapmadyklar gelýär. Işe alanlarynda-da seniň ýüzüňe seredip alanoklar, eliňe seredýärler. Onsoň maşynyň eliňden alynsa barja beren paraň hem köýýär. Özüňem ýene işsiz galýaň” diýip, sürüji gürrüň berýär

“Sürüjiler ondan daşary hem çärelere, bir ýolbaşça taksi gerek bolsa, oňa ugradýarlar. Ýarym günläp olaryň hyzmatynda mugtuna işlemeli. Soňra hem planyňy eltip bermeli” diýip, sürüji zeýrenýär.

Aşgabatda 10-15 gün ozal uly köçeler, ýagny sport desgalarynyň dört tarapyndan geçýän ýollar baglandy. Soňky 3-4 gün bäri bolsa, bu köçelerden has alysda ýerleşýän Andalyp köçesinde awtoulag hereketi bar, ýöne bu ýoldan sowlup, öz awtoulagyň bilen mikroraýonlaryň içine girip bolmaýar. Ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň ýaşaýjylara aýtmaklaryna görä, bu gadaganlyk oktýabr aýynyň başyna çenli dowam eder.