Öz hasabyna Türkiýede okajak ýaşlara "taryh bölüminde okamaň" diýilýär

Türkmen talyplary

Türkmenistanyň käbir etraplaryndaky çeşmelerden gelip gowşan maglumatlarda, Türkiýede öz hasabyna ýokary bilim almak isleýänlere ol ýurtda taryh bölüminde okamazlyk maslahat berlip, şeýle diplomyň ykrar edilmejekdigi duýdurylýar.

Türkiýede ýokary bilim almak üçin, Stambula gelenden soň, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen aragatnaşyga geçen bir türkmen uçurymynyň aýtmagyna görä, oňa we onuň birnäçe tanşyna ýaşaýan ýerindäki etrap bilim bölüminiň işgärleri öz hasabyna taryh bölümini okaýanlaryň diplomynyň ykrar edilmejekdigi, diňe döwletiň hasabyna taryh bölümini okaýanlaryň diplomlarynyň tassyklanjakdygy barasynda duýduryş berlipdir.

Ol şeýle duýduryşy beren etrap bilim bölüminiň işgärinden munyň sebäbini soran mahaly: "Sebäbi Türkiýedäki taryh programasy Türkmenistanyň bilim kada-kanunlaryna gabat gelmeýär" görnüşinde jogap alandygyny aýdýar. Türkiýä okamaga gelen türkmen uçurymy soň resmilerden "Eýsem Türkiýede döwletiň hasabyna okaýanlar bilen öz hasabyna okaýanlara tapawutly taryh bilimi berilýärmi?" diýip, soran mahaly bolsa, olaryň "Sen näme Türkmenistanyň kada-kanunlaryna äsgermezçilik etjek bolýaňmy? Sen näme hemme zady bilýändirin öýüdýäňmi? Seniň näme bize göwnüň ýetenokmy?" görnüşinde jogap alandygyny aýdýar.

Türkmen uçurymy taryhy diýseň gowy görýändigini we her näme bolsa-da Türkiýede öz hasabyna taryh bölümini okajakdygyny aýan etmek bilen, tä okuwyny gutarýança Türkmenistandaky şeýle çäklendirmäniň ýatyrylmagyny umyt edýändigini sözüniň üstüne goşýar.

Bu temada Azatlyk Radiosyna interwýu beren Türkiýedäki türkmen studentlerinden Myrat bolsa Türkiýede döwlet hasabyna ýa-da öz hasabyňa oka; tapawudy ýok, türk uniwersitetlerinde şol bir taryh sapaklarynyň okadylýandygyna aýratyn üns çekýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýe türkmen uçurymlarynyň hem ýokary bilim almak üçin ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary guramasynyň golaýda çap eden hasabatyndan çen tutulsa, Türkmenistan ýurtda ýokary bilim alýan türkmen studentleriniň san taýdan köplügi boýunça Azerbaýjan we Siriýa ýaly ýurtlardan soň, üçünji orunda durýar, ýagny Türkmenistan Türkiýede iň köp student raýaty bolan 3-nji ýurtdur.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan temada Türkmenistandaky bilim ministrliginiň işgärlerinden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.