“Watan” we “Hökümet” sözlerini garyşdyrmalyň!

Türkmen çöli

Hormatly Arkadag we gadyrdan okaýjy:

Azatlygyň sahypasynda bir ýazgy okaýan wagtym kommentariýalaryň arasynda bir ildeşimiz “Watan” we “Hökümet” sözlerini garyäşdyryp ulanypdyr. Şu ýazgyny ýazmagymyň sebäbi hem hut şol sebäpden. Watan, dogduk depäň, göbek ganyň daman ýeri, suwyny içip, howasynda dem alyp, çöregini iýip önüp ösen ýerimiz mukaddesdir, biziň üçin gaty gadyrlydyr.

Watan üçin jan beryäris, Watan üçin gan dökýaris, Watan ugrunda köp zatlardan jyda düşýäris. Watan ar namysdyr.

Hökümet bolsa halk taparyndan saýlanyp seçilen we yurdy dolandyrmak tabşyrylan/ynanylan bir topar adamdan ybaratdyr. Hökümetler ebedi däldir, olary halk saýlar we halk hem wezipden boşadar. Halk hökümetden hasap sorap hem biler. Ýeri gelende korrupsiýa batan, ýurda yhanat eden namart Hökümet we oňa hyzmat edenleri gözenek arkasyna hem geçirip biler.

Gynansakda biziň ata Watanymyz Türkmenistan-da bu iki sözüň tapawudyny bilmeýän gaty köp adam bar. Beýle adamlara polisiýada, mekdeplerde we beýleki döwlet edaralarynda hem duş gelmek bolýar. Basgyçy rejimler üçin bolsa bu iki sözi garyşdyryp ulanmak gaty peýdaly we şol bir sanda gerekli zat.

Diktaturarnyň, basgynyň bar ýerinde herhili propagandalar bilen (gazet, jurnal, we teleýaýlym, radiýo w.ş.m) Hökümedi Watana deň edip görkezýärler. Hökümet gitse hamala Watan ýykyljak ýaly ya-da bolmasa Watany Hökümet aýakda tutýan ýaly. Bu propagandalar bolsa Türkmenistan ýaly ýaş we entäk ösmekde bolan ýurtlarda gaty gowy işe ýaraýar. Has öte gidip ýurdy dolandyrýan adama “Arkadag”, “Serdar”, “Watan ogly”, “Gahryman” ýaly lakamlaram takylýar.

Hormatly arkadag we gadyrdan okaýjy bu iki sözi garyşdyrman ulanmagyňyzy we Hökümede garşy çykýanlary watan dönügi diýip türmelere basyp durmazlygyňyzy soraýaryn.

Hemme ösen ýurtlarda prezidente, Hökümede, we beýleki ýurdy dolandyrýanlara garşy çykylýar, olara agyr agyr soraglaram soralýar we ýeri gelende wezipesinden hem uzaklaşdyrylýar we bu watana dönüklik yada watana hyýanat diýip atlandyrlmaýar. Munuň ady bolsa “ADALAT”.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.