Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik edaralarynyň işgärleriniň sanyny azaltmagy talap etmek boýunça hukugynyň bardygyny, emma dessine muny talap etmejegini aýtdy.
5-nji sentýabrda Hytaýda BRICS guramasyna girýän ýurtlaryň sammitinde eden çykyşynda Putin Moskwanyň ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatlarynyň sanyna degişli karara gelýänçä “ýagdaýyň özgerişine seretjekdigini” aýtdy.
Putin Waşingtonyň Orsýetiň ABŞ-daky edaralary babatyndaky hereketlerini ýazgardy we olary “gödek hem öň görlüp-eşidilmedik” diýip atlandyrdy. Putin Orsýetiň emläk hukugynyň depelenmegi bilen baglylykda ABŞ-ny suda bermek üçin Daşary işler ministrligine görkezme berjegini aýtdy.
Putiniň bu çykyşyna ABŞ-nyň administrasiýasyndan dessine jogap bolmady.
Emma ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň San Fransiskodaky konsulhanasynyň, Waşingtondaky hem Nýu Ýorkdaky söwda wekilhanalarynyň jaýlaryny boşatmagyny talap eden Birleşen Ştatlaryň diplomatiýa ýa-da kanun taýdan talaba laýyk bolmadyk hiç hili hereket etmändigini aýtdylar.
Döwlet departamentiniň 2-nji sentýabrda yglan eden bu talaby Moskwanyň 1-nji sentýabrda ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik işgärleriniň sanyny 455 adama çenli azaltmagyny talap etmeginiň yzýanyna gabat geldi.