Musulmanlar haj zyýaratynyň soňky günlerine girmegi bilen Eýd al-Adha, Gurban baýramyny belleýärler, Saud Arabystanyna zyýarata baranlar şeýtan daşlaýarlar.
Bu baýram käbir ýurtlarda 1-nji sentýabrdan başlansa, käbirlerinde 2-nji sentýabrdan başlanýar.
Türkmenistanda Gurbanlyk şenbe güni, 2-nji sentýabrda başlanyp, 3-nji we 4-nji sentýabrda hem dowam edýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda ýurduň ilatyny, daşary ýurtly kärdeşlerini Gurban baýramy bilen gutlady diýip, TDH döwlet habar agentligi habar berýär.
Emma bu ýyl Türkmenistanda Gurbanlygyň ozalky ýyllardaky şowhun-şagalaňynyň görünmeýändigi, ýurduň regionlarynda hem, paýtagtda hem adamlaryň baýramçylyk şatlygynyň peselendigi barada habarlar gelýär.
Bellemeli ýeri, şu ýyl Aşgabadyň öňki ýyllarda uly hiňňildik dikilýän şowhun-şagalaňly ýerleriniň hem birnäçesiniň boş durandygy, maşynly topar-topar bolup o hiňňillikden beýleki hiňňillige sapar edýän ýaş oglan-gyzlaryň görünmeýändigi, bu baýramda belentden ýaňlanan aýdym-sazyň hem eşidilmeýändigi aýdylýar.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar