Öýsüz haýwanlar bilen bagly dawadan soň, Berdimuhamedow dabaraly açylyşa gelmedi

Dabaraly çäräniň geçmeli güni daňdan bäşde binalar toplumyna talyplar getirilip, diri koridor düzüldi. Surat arhiwden alyndy

Aşgabadyň merkezinde prezidentiň hut özüniň gatnaşmagynda açyljakdygyna garaşylýan täze binalaryň töwereginde, öýsüz haýwanlaryň awlanmagy bilen ýüze çykan goh-galmagaldan soň, öň planlaşdyrylan dabaraly çäre geçirilmedi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň täze binalar toplumynyň 1-nji sentýabrda geçmeli açylyş dabarasy üçin taýýarlyk işleri mundan bir hepde töweregi ozal başlanypdy.

Paýtagtyň Görogly we Andalyp köçeleriniň ugrunda ýerleşýän binanyň töwereginde täze agaç nahallaryny oturmak, ýollary ýuwmak we daş-töwerekdäki jaýlaryň öň taraplaryny timarlamak işleri geçirildi.

Gürrüňi gidýän sebitde ýaşaýan we alnyp barylan taýýarlyklara gözli şaýat bolan haýwanlaryň hak hukuklaryny goraýan aktiwist Galina Kuçerenkonyň sözlerine görä, taýýarlyk gije-gündiziň dowamynda, ýerli resmileriň gözegçiliginde alnyp barlypdyr.

“Köçe süpürijiler her gün arassaçylyk işlerini geçirdiler, ýollaryň iki boýundaky agaçlary-da çapyp çykdylar” diýip, Kuçerenko Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Dabaraly çäräniň geçmeli güni, ýagny 1-nji sentýabrda daňdan bäşde binalar toplumyna talyplar we başga-da adamlar getirilip, diri koridor düzüldi, sebit dürli bezegler bilen bezeldi. Emma 5 sagatdan hem aşa wagt geçse-de, sebite açylyş çäresi üçin ne prezident gelipdir, ne-de nähilidir bir dabara geçirilipdir.

“Talyplar daňdan bäşden bäri eýýäm şu ýerdedi. Göni 11-iň ýarynda hem olar yzyna gitdiler. Ol [prezident Gurbanguly Berdimuhamedow] gelmedi” diýip, haýwan hukuklaryny goraýjy Galina Kuçerenko gürrüň berdi.

Kuçerenko bir hepdeden bäri ýokary derejede görülýän taýýarlyklara garamazdan, dabaraly çäräniň geçirilmezligini, mundan bir gün öň sebitde öýsüz haýwanlary awlaýana meňzeýän ulaglaryň peýda bolmagy we munuň bilen baglylykdaky habarlaryň internetde peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýar.

“Men prezidentiň anyk näme sebäpde [açylyş çäresine] gelmändigini biljek däl. Ýöne munuň bir gün öň sebitdäki öýsüz haýwanlaryň awlanmagy bilen bagly bolmagy mümkin” diýip, Kuçerenko sözüni jemledi.

Ýatladyp geçsek, Aşgabatda sentýabrda geçmeli “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, öýsüz haýwanlaryň awlanyp öldürilýändigi barada, köp sanly maglumatlar peýda bolupdy.