Aşgabatda awtobus gatnawy seýrekledi

Jemgyýetçilik transportynyň hereketiniň çäklendiriljekdigi barada ilat köpçüligine öňünden hiç hili duýduryş ýa-da maglumat berilmedi.

Şu gün, ýagny 1-nji sentýabrda ir ertirden Aşgabadyň köçelerinde ýolagçy awtobus gatnawlary togtadyldy.

Paýtagtyň Parahat-7 we Parahat-8 etrapçalaryna gelýän 18, 22, 41, 13, 10, 73, 40, 23 we 26 belgili awtobuslaryň gatnawy seýrekläp, jemgyýetçilik transporty her 40-50 minutda duralga geldi.

Paýtagtyň dispetçer bölüminiň atlandyrylmasyzlygyny soran işgärleriniň biri şu gün her ugur boýunça juda çäkli derejede awtobuslaryň goýberilendigini mälim etdi.

“Her ugur boýunça adatdakysyndan iki esse çemesi az awtobus köçelere goýberildi. Käbir 18 we 22 ýaly belgili awtobuslaryň gatnaýan ugry boýunça diňe bir ulag çykaryldy” diýip, ol gürrüň berdi.

Galyberse-de, jemgyýetçilik transportynyň hereketiniň çäklendiriljekdigi barada ilat köpçüligine öňünden hiç hili duýduryş ýa-da maglumat berilmedi.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň dispetçer bölümiň resmisi awtobuslaryň gatnawynyň seýreklemeginiň Bilim güni mynasybetli dürli binalaryň açylyş dabaralary bilen baglydygyny aýtdy: “Adatdakysy ýaly, açylyş dabaralaryna talyplary we beýleki gatnaşyjylary gatnatmak üçin, köçelerden awtobuslar aýrylmaly edildi”.

Şäherde jemgyýetçilik transportynyň selçeňlemegi bilen ýaşaýjylaryň mekdeplere “ilkinji jaň” dabaralaryna we iş ýerlerine wagtynda baryp bilmändiklerine hem üns çekilýär.

“Köçelerde awtobuslar bilen taksiler hem görnenok. Iki-ýeke tapdyrsa-da, olar adatdaky nyrhyndan iki esse ýokary soraýarlar. Şeýdip gyzymyň ‘ilkinji jaň’ dabarasyna gijä galyp bardyk” diýip, 30 ýaşlaryndaky Leýla (ady üýtgedilen – red.) gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, jemgyýetçilik transport gatnawyndaky bökdençlikler bilen birlikde, Aşgabatda Aziýa oýunlary mynasybetli has köp köçeleriň ýapylmagy netijesinde, paýtagtyň käbir böleklerinde uly awtoulag dyknyşyklary emele gelip başlady.

Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý diňe bir ulagly raýatlara däl, eýse pyýadalara hem ýaramaz täsir ýetirýär we käte ýaşaýjylar barmaly ýerlerine ýetmek üçin, ortaça iki kilometr aralygy pyýada ýöräp geçmeli bolýarlar.

Aşgabatda Polisiýanyň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän gullugynyň käbir işgärleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, köçeleriň 30-njy awgustdan başlap ýapylandygyny we munuň oktýabr aýynyň 1-ne çenli dowam etjekdigini aýtdylar.

Bu aralykda, soňky günlerde paýtagtda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) awtoulag hereketini çäklendirmek maksady bilen, maşyn eýelerine “her dürli bahanalar” bilen jerime ýazyp başlandygy hem habar berilýär.