Aşgabatda dabara bilen açylan çagalar bagy henizem ulanyşa berilmeýär

Aşgabatda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşýan çagalar

Türkmenistanyň döwlet mediasy Aşgabatda täze üç mekdebiň açylyş dabarasyna taýýarlyklaryň görülýändigini mälim eden mahaly, şäherde mundan birnäçe aý öň açylan çagalar bagynyň henizem ulanyşa berilmeýändigi aýdylýar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň 25-nji awgustda beren maglumatyna görä, täze okuw ýylynyň başlanmagy we 1-nji sentýabrda belleniljek Bilimler güni mynasybetli Aşgabatda bäş sany orta mekdebiň açylyş dabarasy amala aşyrylar. Olaryň üçüsi 600 okuwça niýetlenen, ikisi 720 orunlykdyr.

Emma käbir aşgabatlylar resmi mediada täze desgalaryň açyljakdygy ýygy-ýygydan yglan edilse-de, öňden açylan desgalaryň ençemesiniň henizem ulanylmaga berilmeýändigini aýdýarlar.

Aşgabat şäheriniň Parahat-7/1 etrapçasynyň ýaşaýjysy 30 ýaşly Ogulnur bu etrapçada 2016-njy ýylda dabara bilen açylan 114-nji çagalar bagynyň şindizem ulanylyp başlanmandygyny aýdýar.

“Ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp, Parahat-7 etrapçasyna ilatyň mejbury göçürilip gelinendigine indi bäş ýyl gowrak wagt boldy. Emma bu etrapçada mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýetmezçiligi henizem ýiti duýulýar. Ýaşaýjylar öz çagalaryny şäheriň dürli künjeklerinde, öýden amatsyz bolan etrapçalarda mümkinçilik tapan mekdeplerine, çagalar baglaryna ýerleşdirýärler. Bu bolsa çagalar üçinem, ene-atalar üçinem uly kynçylyk. Çagalary irden mekdebe ýa-da çagalar bagyna ugratjak bolsaň, olar ukusyny alman has biwagt oýnamaly bolýarlar. Ýaş çagalary mekdebe äkidip, okuw gutarandan soňra öýe alyp gaýtmak üçin, bir adam meşgul bolup, beýleki zerur işlerinden galmagyna getirýär” diýip, Ogulnur aýdýar.

“Uly dabara bilen açyldy edilen 114-nji çagalar bagy şu ýylyň awgustyndan çagalary kabul edip başlady” diýip, bu etrabyň ýene bir ýaşaýjysy, 35 ýaşlaryndaky Jemile aýdýar.

Jemiläniň sözüne görä, çagalar bagynyň açylmagy bilen, onuň üpjünçiliginiň dolulygna diýen ýaly ol ýere çagasyny ýerleşdirýän ene-atalaryň boýnuna düşüpdir.

“Her çaganyň ene-atasyndan çaganyň oturmagy üçin oturgyç, ýatmagy üçin ýorgan-düşek, iýip-içmegi üçin gap-gaç, okuw-ýazuw işleri üçin reňkli kagyzlary, galam-kagyz, harplary öwretmek üçin gerek bolan okuw esbaplary talap edilýär. Bu zatlary jemlemäge wagt tapmaýanlardan pul talap edilýär. Esasan oturgyç üçin 40 manat, ýorgan-düşek üçin hem çaga başyna 40 manat talap edilýär. Sebäbi bu zatlaryň her topar üçin birmeňzeş bolmalydygy aýdyp, pul toplanyp, ony çagalar bagynyň işgärleriniň satyn almalydyklary aýdylýar” diýip, Jemile gürrüň berdi.

Şeýle-de bolsa, henize çenli bu çagalar bagynyň çagalary kabul etmeýändigini we onuň boş durandygyny ol sözüniň üstüne goşdy.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Parahat-7 etrapçasynda dabara bilen açylan saglyk öýi hem heniz ýaşaýjylara geregiçe hyzmat edip bilmeýär. Ol ýerde maşgala lukmanlary näsaglary kabul etseler-de, näsaglara ýazylan reseptler üçin goýulýan möhür, ştamp ýaly zatlar heniz taýyn bolmansoň, ýaşaýjylar bu zatlar üçin ozalky 8-nji saglyk öýlerine gitmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Şol bir wagtyň özünde, agzalýan çagalar bagynyň ulanyşa berilmeýändigi barada resmi mediada hem haýsydyr bir maglumat berilmeýär.