Suwy ölçegli we tölegli ulanmak talap edilýär

Parahat-7 etrapçasynda suw birnäçe sagatlap kesilenden soň, kranlardan akdyrylýan suwuň birnäçe wagtlap hapa hem sary bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanda ilata berilýän mugt suwa indi çäklendirmeler girizilip, ýaşaýjylardan öz öýlerinde suw kranlaryna ölçeýji gurallary oturtmaklyk talap edilýär.

Aşgabatly ýaşaýjy, 50 ýaşly Kerweniň aýtmagyna görä, Aşgabatagyzsuw edarasynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olardan suw ölçeýji gurallaryň goýulmagyny talap edip başlapdyr.

“Resmi işgärleriň ellerinde suw ölçeýji gurallary bar. Şeýle guralyň bahasy 150 manat. Olar şol bahany töläp, ölçeýji guraly satyn almagy talap edýärler. Ony satyn alanyňdan soňra, ýaşaýan ýeriňe degişli jaý müdirligine 30 manat berip, ony gurnatmalydygyňy aýdýarlar.

Emma işsiz, aýlyk-günlüksiz, güzeranyny zordan aýlaýan maşgalalara agzalýan puly tapmak ýeňil düşmeýär, olar suw ölçeýji gurallary satyn almakdan boýun gaçyryp, Aşgabatagyzsuw edarasynyň işgärlerini yzyna gaýtarýarlar.

Köp gatly jaýlarda ýaşaýan müňlerçe ýaşaýjylardan suw ölçeýji guraly satyn aldym diýen adama heniz duşamok” diýip, Kerwen aýdýar.

Etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlanyna ýaňy 4-5 ýyl bolsa-da, beýleki amatlyklaryň göz öňünde tutulmaýşy ýaly, bu jaýlarda suw ölçeýji gurallary oturtmak hem göz öňünde tutulmandyr.

Jaýlary ýumrulan ýaşaýjylar Parahatdaky etrapçalardan özlerine berlen kwartiralary dürli sebäplere görä resmileşdirip hem bilmeýändiklerini, şol sebäpli suw ölçeýji gurallary oturtmaga howlukmaýandyklaryny aýdýarlar.

Olardan kä birleri bolsa, suw ölçeýji gurallaryň döwlet tarapyndan mugt oturdylmagyna umyt edýärler. “Toguňy töle, suwuňy töle, gazyňy töle, Hasaplaýjy guraly öz hasabyňa al, işsiz halymyza puly nireden alyp tölemelidigini aýtsadylar” diýip ýaşaýjylar zeýrenýärler.

Emma talabyň güýçlüdigini hem ýaşaýjylardan eşitse bolýar. Çagaňy çagalar bagyna, mekdebe okuwa ýerleşdirjek bolsaň ýa başga bir sebäp bilen Forma-3, ýagny maşgala sanyňy we ýaşaýan ýeriňi tassyklaýan kepilnamany aljak bolup, ýaşaýyş jaý müdirliklerine ýüz tutan halatyňda, resmiler şeýle kepilnamalary bermekden boýun gaçyrýarlar.

“Häzirlikçe pasportyň arasyna 10 manat salyp, ‘gaýrat et, kepilnama zerur gerek, suw ölçeýji guraly hem indiki aýlyk alanymyzda goýdurarys’ diýip, bu ýylky mekdepdir, çagalar bagyna zerur bolan kepilnamany aldyk, indiki gezegi hem görübermeli bolarys-da” diýip, ýaşaýjylaryň käbiri dörän kynçylykdan baş alyp çykmagyň ýollaryny bilmeýän goňşy-golama düşündirýändikleri aýdýarlar.

Olar S. Nyýazow döwründe ilata mugt berilmeli edilen gazyň, toguň, suwuň tölege geçmegi ýaşaýjylarda juda nägilelik döredýändigini-de aýdýarlar.

“Ozalky mugt berilmeli zatlar tölege geçýär, bazarlarda azyk önümleri we senagat harytlary iki esseden hem ýokarlanyp gitdi, ilatyň nädip güzeran görmelidigi barada ýolbaşçylar pikir etmeýärlermikä?” diýip, ýaşaýjylar janygýarlar.

Şol wagtda-da, etrapçalarda ilata berilýän agyz suwunyň hiliniň juda ýaramazdygyna hem ýaşaýjylar ünsi çekýärler. “Pul tölemeli bolanymyza görä, içmäge ýaramly arassa suwy bir kranlarymyza goýbersediler.

Gelýän hapa suwlary içmeg-ä däl, ol suwlara ýuwunmaga-da ätiýaç edýärsiň. Ol suwlardan kir ýuwýan maşynlar hem hatardan çykýar. Adamlar diňe çykdaýjy üstüne çykdaýja galýarlar” diýip, gürrüňdeşimiz Kerwen aýdýar.