Tramp Owganystan boýunça strategiýany maslahat edýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 18-nji awgustda milli howpsuzlyk boýunça topary bilen geçirjek maslahatynda ýurduň Owganystan we Günorta Aziýa boýunça strategiýasyny maslahat etmegine garaşylýar.

Goranmak sekretary Jim Mattisiň 17-nji awgustda aýtmagyna görä, birnäçe aýlap dowam eden çekeleşiklerden soň Trampyň administrasiýasy Owganystanda 16 ýyl bäri dowam edýän söweşler babatynda täze karara gelmek işine golaýlady.

Döwlet departamentinde eden çykyşynda Mattis gepleşikler “muny karara tarap golaýladar” diýdi.

Iýun aýynda Donald Tramp ABŞ-nyň goşunlarynyň derejesini galdyrmak barada Mattise ygtyýar beripdi.

Media maglumatlaryna görä, Mattis owgan goşunyna ýardam bermek üçin ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň sanyny 4000 adama çenli artdyrmagy teklip edipdir, emma bu çäre Tramp tarapyndan entek tassyklanmandyr.

Mattisiň Trampy owgan urşuna çemeleşmekde tutuş region, şol sanda owgan söweşiji toparlarynyň serhetdäki bazarlarynyň ýerleşýän ýeri bolan Pakistan boýunça has giňişleýin strategiýanyň çäginde seretmäge ündeýändigi habar berilýär.