Aşgabat şäheriniň köp gatly jaýlaryndan, split sistemaly kondisionerleri aýyrmaklyk täzeden başlandy. Wyşkaly maşynlar bilen jaýlaryň daşyndan gelip, öý eýesiniň öýde bar ýa-da ýokdugyna garamazdan split sistemaly kondisionerleriň aýrylýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
“Andalyp köçesiniň ozalky Hudaýberdiýew - häzirki A. Nyýazow şaýoly bilen çatrygnyň günorta bölegindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan, şeýle-de Parahat-3,Parahat-4 etrapçalarynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan split sistemaly kondisionerleriň aýrylýandygyny her gün görse bolýar” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Şu ýylyň Sentýabr aýynyň 17-sinde Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlary sebäpli ilaty arkaýyn ýaşamaga goýmadylar. Indi 2-3 ýyldan bäri admalaryň split sistemaly kondisionerlerini aýryp, çanak antennalaryny goparyp, ilaty barja hözirden mahrum etdiler.
Çanak antennalarynyň ornuna berlen kabel telewideniýesi hem halky kanagatlandyrmaýar. Garaz, çanak antennasyz oňşuk etse bolýar. Split sistemaly kondisionersiz welin tomsuň 50 gradus yssy günleri asla oňňut edip bolmaýar.
Köp çagaly maşgalalar diýjekmi, ýarawsyz garryly hojalyklar diýjekmi, iň bolmanda oglanlar, gelinler işden ýadap gelýärler welin, beton jaýlaryň içinde ne oturyp dynç alyp bilýärler, ne-de ýatyp ukularyny alýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy, 60 ýaşlaryndaky Sopy aga aýdýar.
Soňky iki ýylyň dowamynda split sistemaly kondisionerleriň 3 gezek aýrylýandygyny Parahat-4 etrapçasynyň ýaşaýjylaryndan eşitse bolýar.
“Häkimligiň işgärleri gelip split sistemaly kondisionerleri aýryp gidýärlerem welin, ýaşaýjylar petiş howa çydaman, endam-jany tenip, aglap oturan çagalara dözmän ýene-de ussa çagyryp, split sistemaňy goýdurmaly bolýarsyň. Şeýle işiň bahasy bolsa ýaşaýjylara 200-300 manada düşýär” diýip, Parahat-4 etrapçasynyň ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň ýaşaýjysy Durdymyrat söhbetdeşlige goşulýar.
Durdymyradyň aýtmagyna görä, ýerinden goparylýan split sistemalar soňra ozalky durkuny saklamaýar. “Olara ýa tehniki taýdan bir zeper ýetirilýär, ýa-da olaryň freonyny dökýärler. Özüň öýde wagtyň kondisioneriňi aýyr diýseler, mejbury aýyrtmaly bolýarsyň. Ussa çagyrdyp aýyrdýarsyň welin, ussanyň hem ep-eslije muzdy bar” diýip, ol bu düzgünden halys ýadandygyny sözüne goşýar.