ABŞ-nyň birleşdirilen harby ýolbaşçylygynyň müdiri Demirgazyk Koreýadan goranmak üçin ABŞ-nyň öz elindäki ähli harby mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny Günorta Koreýanyň prezidentine aýtdy.
14-nji awgustda general Josef Dunford Seulda Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in we harby resmileri bilen duşuşdy.
Dunford “Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalarynyň we ýadro ýarag programmasynyň global jemgyýetçiligine wehim salýandygyny nygtady” diýip, ABŞ-nyň harbylarynyň metbugat-wekili kapitan Darryn James aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, Moonyň metbugat-wekili Demirgazyk Koreýa babatynda taýýarlanan harby çäreleriň syýasy we diplomatik sanksiýalaryň şowsuz bolan ýagdaýynda ulanyljakdygy barada Danfordyň aýdandygyny žurnalistlere habar berdi.
Koreýa ýarymadasynda 1950-53-nji ýyllarda bolan konflikt 1 million adamyň ölümine we ýarymadanyň bölünmegine getirdi.