HORMATLY ARKADAG: Türkmen studentleri orta biliminiň şeýle bir pesdigine garaşmandygyny aýdýarlar

Aşgabadyň orta mekdebi bilim gününi belleýär

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ençemesi orta mekdepde alan biliminiň şeýle bir pesdigine özleriniň garaşmandygyny boýun alýarlar.

Aýratynam tebygy ylmlar boýunça sapaklara gezek gelende, olaryň bilimi GDA ýurtlarynyň studentleriniň arasynda iň pes bolup çykdy.

Munuň sebäplerine göz ýetirmek üçin okuwyň hiliniň ýokary bolmagynyň esaslarynyň nämeden ybaratdygyna düşünmek gerek. Bilim sistemasy boýunça bilermenleriň pikirine görä, bu ýokary hünärli mugallymlaryň we okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň saýlanyşyna; her bir okuwçynyň bilim almagyň elýeterliligine; okuwçylaryň bilimine hakyky bahanyň berilmegine wemugallymlaryň pula satylmazlygyna bagly bolup durýar.

Gynansak-da, Türkmenistanda bu takyk prinsipler bozuldy we bilim sistemasynda ulanylmaýar.

Ýurtda mugallymlaryň her bir sapak üçin saýlanyp-seçilmegi ýola goýulmady.

Tanyşlyk bilen ýa-da okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna para-peşgeş bermek arkaly tötänden mugallym bolýanlar bar. Mugallymlaryň göz garaýşy, umumy bilim we öz sapargy boýunça söz baýlygy gowşak bolýar. Mugallymlar öz bilim derejesini ýokarlandyrmaga höwes bildirmeýärler.

Klaslarda okuwçylar üçin bilimiň elýeterliligi hem deň däl. Adatça, kiçi klaslardan başlap çagalary “özüniňki” ýa-da “keseki” diýlen toparlara bölýärler. Gurply ene-atalar para-peşgeş bilen öz çagalaryny başgalardan aýratyn topara bölýärler. Klas mugallymlaryny ilkinji nobatda öz çagalaryna üns bermäge mejbur edýärler. Klas žurnallaryndaky bahalar obýektiw däl. Galp baha goýulýar, “bäşlikçileriň” bilimi doly bolmaýar, bu bolsa, olaryň daşary ýurtlarda okaýan wagtynda äşgär bolýar.

Mugallymlar bilen meseleleri şeýle çözmäge öwrenişen türkmen studentleri Türkiýede, Belarusda, Orsýetde we beýleki ýerlerde ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň synaglar wagtynda “kömek” üçin “sowgat” almak isleginiň ýokdugyny görenlerinde, bu ýagdaýa geň galýarlar.

Bilimiň hiline korrupsiýanyň ýetirýän täsirinden başga-da, bilim pudagyny dolandyrmagyň bu prossesiň gowşak tarapy bolup durýana meňzeýär. Bilimiň hiline komissiýalar gözegçilik edýär. Olaryň işi mugallymlardan ýygnalan para-peşgeşiň hasabyna üpjün edilýär.

Her bir okuw jaýyna girmek ýa-da çagany bir mekdepden başga mekdebe geçirmek üçin her ýyl gitdigiçe artýan nyrhlar bar. Meselem, geçen ýylda çagany ýönekeý mekdepden, türkmen-rus mekdebine geçirmek üçin 20 müň amerikan dollaryny tölemelidi. Şeýle-de, ýene bir gynandyryjy fakt, ýurtda her bir sowatsyz adam 10 müň amerikan dollaryny töläp, awiasia tehnikumyna girip bilýär we geljekde şeýle jogapkärsizligiň ýüzlerçe adamyň heläkçiligine getirmegi ähtimal.

Geçen ýylda ýurduň Politehniki uniwersitetinde paranyň möçberi 50 müň amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Medisina uniwersitetine we Döwlet uniwersitetine 70 müň amerikan dollaryny tölemeli bolýar. Iň geň ýeri-de, şeýle ummasyz uly tölege garamazdan, bu okuw jaýlarynda-da bilim ýok. Her hepdede studentleri göz üçin geçirilýän köpçülikleýin çärelere döwlet baýramçylyklary mynasybetli geçiriilýän konsertlere, sport aksiýalaryna, prezidentiň işlerini – at çapyşyklary, tigir ýörişleri we beýlekileri mahabatlandyrýan çärelere çekýärler.

Şu ýylyň iýul aýynda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda tölegli okuwy girizmek karar edildi. Häzirki wagtda şol bir Politehniki uniwersitetinde tölegli okuwyň bahasy alty müň türkmen manadyna (iki müň çemesi amerikan dollaryna) barabar. Bu öňki paralaryň möçberinden esli kem. Emma resmiler paradan doly el çekmediler, olar parany “seresaplylyk” bilen “barlanan" adamlaryň ýa-da araçylaryň üsti bilen alýarlar.

Bilimli abiturientleriň okuwa girmek mümkinçilikleri ýokarlanan bolsa-da, ýokary okuw jaýlarynda korrupsiýa garşy göreş çäreleri zerur netijäni bermeýär, sebäbi öz ýurdunda bilimiň bahasynyň galmagy, köp adamyň daşary ýurtda bilim almak hakynda oýlanmagyna sebäp bolýar.

Üstesine, studentler diňe bir çärä gatnaşmak bilen çäklenmän, sport geýimleriniň, resmi milli geýimleriň bahasyny tölemeli bolýarlar. Şonuň üçin Türkmenistanda netijeli bilim reformasy üçin bilim pudagynyň ähli ugurlarynda düýpli özgerişlik zerurdyr.

Rus dilinden terjime edildi.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.