Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Guam adasyna raketa atmak baradaky jikme-jik planyny yglan etdi

Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki TW-sniň diktory.

Demirgazyk Koreýa “aýgytly duýduryş” hökmünde, Birleşen Ştatlaryň Guam adasynyň golaýyna raketa atmak baradaky jikme-jik planyny yglan etdi we prezident Donald Trampa “diňe absolýut güýjüň işe ýarajakdygyny” ýa-da täsir ýetirjekdigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki “KCNA” habar agentliginiň Koreýanyň Halk armiýasynyň Strategik güýç bölüminiň komandiri, general Kim Rak Gýoma salgylanyp aýtmagyna görä, Phenýan “Hwasong-12” kysymly raketalarynyň dört sanysyny Ýaponiýanyň adalarynyň üstünden, Guam adasynyň kenaryndan 30-40 kilometr uzaklyga atmagy planlaşdyrýar.

Ýuwaş okeanyndaky Guam adasy Koreýa ýarym adasyndan ortaça 3400 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu adada Birleşen Ştatlaryň harby bazasy hem ýerleşip, onda 160 müň çemesi adam ýaşaýar.

General Kim agzalýan planyň şu ýylyň awgust aýynyň ortalaryna tamamlanjakdygyny we soňra Koreýanyň Halk armiýasynyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unuň buýrugyna garaşjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol Trampyň “dowam edýän agyr ýagdaýa düşünmän, ‘ot-alaw we gazap’ baradaky bolgusyzlyklary aýdandygyny” sözüniň üstüne goşdy.

Ol muny aýtmak bilen Trampyň Phenýana islendik haýbatyň “bu dünýäniň hiç wagt görmedik ot-alawy we gazaby bilen garşy alynjakdygy” barada 8-nji awgustda eden çykyşyna salgylandy.

“Şeýle oglan bilen sesli dialogy geçirmek mümkin däl we oňa diňe absolýut güýç täsir ýetirer” diýip, Kim aýtdy.

Bu beýanatdan soň, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson Trampyň “[Demirgazyk Koreýanyň lideri] Kim Jong-Un düşüner ýaly dilde güýçli duýduryş berendigine, sebäbi onuň diplomatik dile düşünýäne meňzemeýändigine” ynanýandygyny aýtdy.

9-njy awgustda Tramp Twitter sosial ulgamynda paýlaşan twitinde Birleşen Ştatlaryň ýadro arsenalyny öwüp, “Biz bu güýji hiç haçan ulanmaly bolmarys diýip umyt edýärin, ýöne biziň dünýäde iň güýçli ýurt bolmadyk wagty hiç haçan bolmaz” diýdi.

10-njy awgustda Günorta Koreýanyň armiýasy hem beýanat ýaýradyp, Phenýany beýle hüjümi amala aşyrsa, onda onuň ýaranlaryň güýçli we netijeli ar alyşy bilen” ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurdy.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýoşihide Suga Phenýanyň Guam adasynyň golaýyna raketa atmak baradaky haýbaty “düýbünden kabul ederliksiz” diýdi.

9-njy awgustda Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýany dowamly ýadro ýaragyny edinmek ugrunda dyrjaşmagynyň “öz režiminiň soňlanmagyna we halkynyň weýran edilmegine sebäp bolup biljekdigini” duýdurdy.

Ýiti sözler bilen beýan edilen bu duýduryş Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis tarapyndan ýaýradylyp, ol prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň ýadro arsenalynyň deňi-taýynyň ýokdugy we özüniň ony ulanmaga hiç haçan mejbur bolmazlygy umyt edýändigi barada şol güni irden eden çykyşyna esaslanýar.

“[Demirgazyk Koreýa] režiminiň hereketleri bilen biziň hereketlerimiziň ara tapawudy gaty uly bolmagyny dowam etdirer we ol ýaraglanyşyk bilen baglanyşykly islendik ýaryşda ýa-da krizisde ýeňlişe sezewar bolar” diýip, Mattis Pehanýany “özüni üzňeleşdirmegini we ýadro ýaragyny edinmek ugrunda dyrjaşmagy bes etmäge” çagyrdy.