Aşgabadyň iri söwda merkezleriniň gije-gündiz işläp başlandygy habar berilýär

Aşgabadyň "Berkarar" söwda merkezi

Aşgabadyň iri söwda merkezleri gije-gündiz işläp başlady diýip türkmen mediasy habar berýär.

Olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky söwda kärhanalary 1-nji awgustdan gije-gündizlik iş düzgünine geçdiler, diýlip Türkmenistan.ru internet neşriniň maglumatynda habar berilýär.

Gijeki sagatlarda dükanlarda pul çekmek üçin bankomatlaryň we telefon töleglerini amala aşyrmak üçin apparatlaryň işleýändigi, olarda informasiýanyň türkmen, rus we iňlis dillerinde berilýändigi resmi media maglumatlarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň hökümetiniň 4-nji awgustda Aziada-2017 halkara sport çäresine taýýarlyklara bagyşlap, geçiren iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sport bäsdeşlikleriniň geçiriljek ýerlerinde dürli harytlaryň söwdasyny hem söwda merkezleriniň gije-gündiz işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabadyň merkezinde gurlan bahasy 5 milliard amerikan dollaryna durýan Olimpiýa toplumynda geçiriler.