Türkmenistanyň prezidenti “Aziada-2017” oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli, nobatdaky awtoulagsyz güni geçirmegi teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada geçen anna güni bolan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, “ekologiýa çäresi” diýip, atlandyran bu dabaranyň ýurduň ilatynyň köp sanly haýyşlarynyň esasynda geçirilýändigini hem mälim etdi.
Munuň bilen baglylykda, türkmen lideri degişli ýolbaşçylara Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli tagmalarynyň halkara sergisini guramagy, şeýle-de gala konserti guramagy tabşyrdy.
Mundanam başga, adatça awgustyň ikinji ýekşenbesinde bellenýän Gawun baýramy yza süýşürilip, 17-nji awgustda belleniler. Şol gün birnäçe durmuş maksatly desga, şeýle hem nebitgaz toplumyna degişli desgalar-da ulanmaga berler.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozalam, has dogrusy 17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçmeli Aziada oýunlaryna 50 gün galmagy mynasybetli paýtagtda ähli hususy transport gatnawlary ýatyrlyp, diňe tigirli herekete geçilipdi.
Şol gün döwlete degişli jemgyýetçilik awtoulaglarynyň we döwlet taksileriniň hereketine rugsat berlen bolsa-da, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri olaryň şäher ilaty üçin ýeterlik bolmandygyny nygtapdylar.
29-njy iýulda, ýene-de prezidentiň özüniň teklibe esasynda, geçirilen şol çärede köp sanly adamlaryň duralgalarda, ýol gyralarynda sagatlap awtobusa garaşan pursatlaryny synlasa bolýardy.
Tigirli hereket etmek çäresi sebäpli işe barmaly bolan işgärlerem, öz iş-aladasy bilen şähere çykan ýaşaýjylaram, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeşliklerde özleriniň gaty kösenendiklerini gürrüň beripdiler.
Galyberse-de, tigir sürmäge islegi bolan ýaşaýjylara bir sagat üçin 10 manat töläp, kireýine tigir almaga döwlet tarapyndan mümkinçiligiň döredilendigi barada hem maglumat gowşupdy.
Türkmen mediasy we emeldarlary, “ekologiýa çäresi” diýip, atlandyran bu dabarany giňden mahabatlandyrsalar-da, adaty ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna ýetirýän, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda kelam agyz söz aýtmaýarlar.
Şeýle-de, bu çäreler üçin, onsuz hem agyr krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, döwlet býujetinden goýberilýän maliýe çykdajylary barada hiç hili maglumat berilmeýar.