Türkmenistan bank goýumçylaryna gözegçiligi güýçlendirýär

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň bank bölümlerine iberen hatynyň göçürmesi.

Azatlyk radiosyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Merdan Annadurdyýew tarapyndan gol çekilip, bankyň welaýat bölümlerine iberilen görkezmäniň göçürmesi gelip gowuşdy we onda soňky döwürde erkin walýuta söwdasynyň çäklendirilmegi bilen türkmen manadynyň töwereginde bolup geçýän ýagdaýlar, hususan-da döwlet kursundan walýuta almak ugrunda tapylýan emeller babatynda alada bildirilýär.

Ýatladýarys, Azatlyk radiosy 18-nji iýulda Türkiýäniň Stambul şäherinde birnäçe türkmenistanly aýalyň polisiýa tarapyndan saklanylandygyny habar berdi. Ol aýallar bankomatdan pul çykarýan mahallary özara dawalaşyp, biriniň sumkasyndan dökülen onlarça bank karty bilen polisiýanyň ünsüni çekipdir.

Bu waka, Azatlygyňçeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 14-nji iýulda bolýar we Merkezi bankyň başlygynyň banklara iberen haty Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň 13-nji iýuldaky tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen ýazylypdyr.

Şu ýagdaýdan çen tutulsa, türkmen resmileri goýumçylaryň, erkin konwertasiýa girizilen çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin, kartlaryna manat geçirip, soň olary daşary ýurtda döwlet kursundan konwertasiýa etmek çykalgasyny ulanmagyndan alada galýarlar.

Bu ýagdaý Merkezi bankyň başlygynyň hatynda hem boýun alynýar. Ýöne M.Annadurdyýew ýurtda walýuta söwdasynyň çäklendirilmegi netijesinde dörän çylşyrymly ýagdaýyň düýp köklerine, raýatlaryň bu çäklendirmelerden çekýän zyýanyna aralaşman, esasan iki ýagdaýy belleýär.

Olaryň birinjisi “raýatlaryň«VISA» we «MasterCard» halkara töleg kartlaryny söwda maksatlary üçin ulanyp başlamaklary”, “kart hasaplaryna geçirilen serişdeleri daşary ýurtlara gidip, bankomatlaryň we söwda nokatlary[ny]ň üsti bilen nagtlaşdyryp, ýurduň çägine walýuta serişdelerini getirip satmaklary” bilen bagly.

Bank resmisi bu ýagdaýyň “halkara töleg kartlaryna bolan islegiň we kartlara goýulýan serişdeleriň möçberiniň artmagyna” getirendigini boýun alýar. Emma ony ikinji ýagdaý - “banklaryň öňünde nobatlaryň döremegi” hem alada galdyrýar. Şu alada esasynda - “banklardaky nobatlary azaltmak maksady bilen” görülmeli çäreleriň başyny “banklarda «VISA» we «MasterCard» kartlaryny resmileşdirmek boýunça işleýän kassalaryň sanyny iki esse köpeltmek çekýär.

Emma soň bu hatyň ýazylmagynyň esasy sebäbiniň ýa Merkezi bankyň esasy aladasynyň raýatlara edilýän bank hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak bolman, olaryň öz serişdelerini ulanyşyna has kän kontrollyk etmek, çäklendirme girizmek bilen baglydygy belli bolýar.

Mysal üçin, “daşary ýurtlara gitmän, halkara töleg kartlaryndaky serişdeleri yzygiderli internet hyzmatynyň üsti bilen daşary ýurtlara geçirýän raýatlary seljermeli we şeýle ýagdaýlar yzygiderli dowam edýän raýatlaryň atlaryna hiç hili ýükler gelmeýän bolsa, onda olaryň halkara töleg kartlaryna pul serişdelerini goýmaklygy togtatmak meselesini öwrenmeli” diýip, hatda aýdylýar. Ýöne görülmeli çäreler munuň bilen hem çäklenmeýär.

“Döwlet edaralarynda işläp, her aýda «VISA» kartyna pul salyp, daşary ýurtlara (dynç günleri ýa-da ýarawsyzlyk rugsadyna çykyp) yzygiderli gatnaýan raýatlar bilen, olaryň ýolbaşçylarynyň üsti bilen gürrüňdeşlikleri geçirip, bu hereketleriniň öňüni almaly” diýip, Merkezi bankyň başlygynyň hatynda ýene çäklendirme çäresi öňe sürülrýär.

Gysgaça aýdylanda, Merdan Annadurdyýewiň gol çeken hatynda gürrüňi edilýän bank kartlaryny ulanyp, telekeçilik edýän raýatlaryň, umuman alnanda bolsa, ýurtda walýuta söwdasynyň çäklendirilmegi netijesinde tapylýan çykalgalaryň seljerilmegi, olara çäre görülmegini gazanmak esasy mesele bolup görünýär.

“...galp resminamalar getirip, «VISA» we «MasterCard» halkara töleg kartlaryna pul goýýan raýatlaryň öňüni almak, banklardaky nobatlary azaltmak maksady bilen, ýerli häkimlik edaralary we daýhan birleşikler bilen sazlaşykly işleri guramagyňyzy we gözegçiligiňizde saklamagyňyzy soraýarys” diýip, Merdan Annadurdyýew TMB-nyň welaýat bölümlerine iberen hatynyň soňunda aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň başyndan bäri walýuta çalşylmaýar we bu ýagdaý walýutanyň iki - döwlet we “gara bazar” kurslarynyň emele gelmegine getirdi. Netijede,manadyny döwlet kursunda walýuta öwren raýatlar soň ony “gara bazarda” satsa, esli peýda görýär ýa-da öz serişdesini belli derejede ýitirmän saklaýar.