Berdimuhamedow ýene hasyllylygyň pesliginden käýindi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahytyny geçirýär. Arhiw fotosy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji iýulda geçiren iş maslahatynda on ýyl çemesi öň başlan oba hojalyk reformalarynyň o diýen netijeli bolup çykmandygyny ýene bir gezek boýun aldy we munuň sebäbini sorady. Emma metbugat habaryndan bu soraga berlen jogaby tapyp bolmaýar.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, döwlet oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösdürilmegi üçin zerur bolan goldawy berýär, emma gazanylýan netijeler pes bolmagynda galýar.

Resmi habarlardan mälim bolşy ýaly, bu ýyl türkmen daýhanlary döwlet tarapyndan planlaşdyrylan 1 million 600 müň tonna bugdaýa derek million tonna bugdaý hasylyny aldylar we welaýat häkimlerine hem-de wise-premýere käýinç berildi.

Prezident mundan öň, 5-nji aprelde oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer Rejep Bazarowy, oba hojalygynda emele gelen ýagdaý sebäpli, wezipesinden boşatdy. Ýöne oňa derek wise-premýerlige bellenen Esenmyrat Orazgeldiýew bu wezipede ozal hem işläpdi we bar bolan tejribelerine garamazdan, prezidentiň tamasyny ödäp bilmedi. Netijede, Berdimuhamedow 22-nji maýda geçiren iş maslahatynda Orazgeldiýewiň işinden hem nägileligini bildirdi, ýagny ýurduň agrosenagat pudagyndaky özgerişlikleriň örän haýal deprenýändigini aýtdy.

Şeýle-de prezident, hasyllylygyň derejesiniň pesliginden başga, öndürilýän önümleriň hiliniň hem gowy däldigini boýun aldy.

“Hususan-da bugdaýyň kleýkowinasy, ozalkylary ýaly, gowy bolmazlygynda galýar” diýip, metbugatda prezidentiň sözleri sitirlendi.

Berdimuhamedow, hökümet maslahatlarynda getirilýän umumy ösüş sanlaryna garamazdan, soňky iki ýylyň dowamynda oba hojalygyndaky problemalar, ýerleriň şorladylmagy, ekerançylyk ýerleriniň arryklygy we hasyllylygyň pesligi, daşary ýurtlardan getirilýän gök önümlere harçlanýan altyn puluň möçberleri we beýlekiler barada ençeme gezek mesele gozgady.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, ýurduň bugdaýy daşary ýurtlara hem eksport etmek mümkinçiligi bar, şol bir wagtda daşary ýurtlardan azyklyk bugdaý, un getirilýär.

Mundanam başga, ýurduň öz egirme-dokma kärhanalary üçin hem ýeterlik pagta öndürip bilmeýändigi boýun alynýar. Has anygy, ozalky wise-premýer Bazarowy tankytlanda, Berdimuhamedow her gektar ýerden ortaça 20,2 sentner pagta alynýandygyny, pagta süýüminiň möçberleriniň ýeterlik bolmazlygynyň ýurduň egirme-dokma senagatynyň işini bökdeýändigini aýtdy.

Türkmen mediasy häzir ýurtda pagta ýygymyna we bugdaý ekişine taýýarlyk görülýändigini habar berýär. Prezidentiň ýene bir gezek oba hojalygyndaky problemalary ýatlatmagy hem şu taýýarlyk bilen bagly boldy.

Emma ýerli synçylar prezidentiň oba hojalygyndaky ýagdaý we çözgüt barada aýdýan sözlerinde kän täzeligiň görünmeýändigini, ýagny onuň umumy meseläni gozgap, soň daýhanlaryň adaty borçlaryny ýatlatmak bilen çäklenýändigini belleýärler.

Aýdylyşy ýaly, TDH prezidentiň welaýat häkimleriniň iş hasabatlaryny diňläp, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmelidigini, ýerleri suwarmalydygyny, ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg etmelidigini ýatladypdyr. Şeýle-de prezident kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmelidigini aýdýar. Şol bir wagtda ol döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini gaýtalap, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýär.

Hökümet maslahatlarynda edilýän gürrüňlerden tapawutlylykda, Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar oba hojalygynda işleýän adamlaryň işe höwesiniň ýyl-ýyldan pese gaçandygyny, sebäbi 3-5 gektar ýerden alynýan hasyly döwletiň kesgitlän şol bir nyrhyndan döwlete tabşyryp, çaga eklemegiň barha kynlaşýandygyny aýdýarlar.

Daýhanlaryň kärendesine alan ýerlerinde esasan bugdaý, gowaça ekip, döwlet planyny dolmaga mejbur edilmegi ýurtda gök önümleriň barha az ekilmegine, netijede ýurt bazarlarynyň pomidor, hyýar, sogan ýaly bakja önümleriniň hem goňşy ýurtlardan barha köp import edilmegine, olaryň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagyna alyp geldi diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.