Türkmenator: Berdimuhamedow atan okuny onluga düşürip, nyşana pyçak zyňyp baş gahrymana öwrülýär

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Ol dijeýlik edýär, nama ýazýar, aýdym aýdýar, gol salýar, garaz iň azyndan döwlet propagandasy şeýle diýýär. Indi türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowda bar diýilýän talantlaryň sanawyna atan okuny onluga düşürmek, sowuk ýaragy nyşana zyňmak hem goşuldy.

Döwlet eýeçiligindäki telewideniýe Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurduň awtokrat lideriniň sowuk ýaraga, ok-därä erk edýän wideo şekilini efire goýberdi. Wideoda onuň edermenligine gözigidijilik bilen tomaşa edýän nyzamdaky harby lybasly adamlaryň höwes bilen el çarpyşmalary hem görkezilýär.

Türkmen mediasy wideonyň efire berlen güni, prezident Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän serhet galasynda ýurduň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen hem tanyşdy diýip habar berdi.

“Ol ýerde goýlan pistoletden nyşana ok atmakda öz ussatlygyny görkezdi. Oklaryň hemmesiniň onluga düşmegi yzygiderli türgenleşikleriň we özüňe erk etmegiň ýokary nusgasynyň aýdyň netijesidir”, diýip döwlet habarlarynda aýdylýar.

Türkmen prezidentiniň nyşana ok atýan türgenleşigini görkezýän resmi habaryň doly görnüşi dessine elýeterli bolmady.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň wideosy

Ýöne “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri wideonyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” telekanalynyň nyşanyny hem görkezýän bezelen görnüşini öz websaýtynda paýlaşdy. Neşir öz websaýtyna goýan wideosyny 1985-nji ýylda surata düşürlen Arnold Şwarseneggeriň (Arnold Schwarzenegger) baş keşbi ýerine ýetirýän “Commando” (“Desant diwiziýasy”) kinofilminden bölekler bilen kebşirläpdir we wideonyň üstünden ýaňsyly äheňde saz iberipdir.

Wideonyň originalynda türkmen prezidentiniň bezemen harby lybasda, gara äýnekde özüniň çeýedigini ümleýän gamaşykly äňedişi görkezilýär.

Berdimuhamedow söweşjeň ýaraglarynyň birini eline alyp ony nyşana çeýeýär. Şu ýerde wideonyň kebşrilenişi onuň mundan ozal basketbol oýnap düşen wideosyna meňzedilipdir. Şonda wideoda mese-mälim tora düşmejek pökgi kebşirleýijiniň çakganlygy bilen halka süzülip girýär.

Wideoda Berdimuhamedowyň oky nyşananyň niresine düşürendigi, ýa-da umuman düşürip düşürmändigi mälim däl. Ýöne ok atyşlykdan soňky sahnada onuň netijäni synlaýşy, edil onluga düşürlip eleme-deşik edilen nyşanany süýem barmagy bilen çintgäp barlaýşy görkezilýär. Soňra ýygnanan tomaşaçylar el çarpyşýarlar.

Pistoleti eline alyp, bir gapdala onuň gulagyny gaýtarýan Berdimuhamedowyň onluga düşürmekde bu ýarag bilenem üstünlikli çykyş edişi görkezilýär.

Soňra ol özüne hödürlenen ýaraglardan pyçagy alyp ony ilki bir elinden beýlekisine geçirýär we üç pyçagy çala zarp bilen nyşana zyňyp, olary üç gezek nyşana düşürýär. Soňky zyňylan pyçak kagyz nyşanadaky duşman şekiliniň şlýapasyna sünjülýär.

Ol çykyşyny pyçaklary nyşanadan yzyna başarnykly sogrup almak bilen tamamlaýar.

Öňki sowet ýurdunyň gurak depelerinde geçirilen söweş täliminden soň, wideoda Berdimuhamedowyň üstünde ok atyşyk türgenleşigini geçiren kagyz nyşanalaryna awtograf galdyryşy görkezilýär.

2006-njy ýylda özünden öňki gazaply prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, käri boýunça diş lukmany gaza baý ýurtda höküm sürüp gelýär. Nyýazow özüne “Türkmenbaşy” ýa-da “ähli türkmenleriň atasy” diýdirerdi.

Synçylaryň aýtmagyna görä häkimiýetler 60 ýaşly Berdimuhamedowyň barha ösýän şahsyýet kultuna ýardam berýärler. Ol özüne “Arkadag” diýdirýär.

Şeýle-de, ol özünden öňki prezidentiň ýurduň dürli künjegindäki heýkellerini hem öz içine alýan mirasynyň soňuna çykýar.

2015-nji ýylda Aşgabatda Berdimuhamedowyň 21 metrlik altyn çaýylan heýkeli açyldy. Döwlet telewideniýesi ony talantly atletikaçy, sungat işgäri, özüniň ýazandygy aýdylýan aýdym-sazyny aýdýan hem-de çalýan görnüşde yzygiderli görkezýär.

Mart aýynda döwlet mediasynda meşhur aýdymçynyň ýerine ýetirmeginde Berdimuhamedowyň ejesine bagyşlanan “Arkadagy dünýä beren ene sen” aýdymy eşitdirildi.

Şondan bir aý soň ol sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň resmi senasyny ýazmak bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Hukuk goraýjy toparlar we aktiwistler Berdimuhamedowy we onuň hökümetini başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmakda we söz azatlygyna “drakon” çäklendirmelerini girizmekde aýyplaýarlar.