Köçe süpürijiler: iş köp, aýlyk az

Köçäni süpürýän zenan. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň köçeleri giňeldilip, aýlaw köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň gurulmagy bilen köçe süpürijileriň hem artandygyny görse bolýar.

Her bir köçe süpürijiniň özüne berkidilen meýdançasy bolýar. Köçe süpürijileriň ir sagat 6-dan giç sagat 19 ýa-da 20-ä çenli iş ýerinde işläp ýörenlerini görse bolýar.

“Köçelerem, ýaşaýyş jaýlarynyň aralary hem juda arassa saklanýar. Köçe süpüriji zenanlar yssyda-sowukda hem dem-dynç almaga wagt tapmaýarlar. Olardan talap güýçli” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran işçi zenan aýdýar.

Özlerine berkidilen meýdançalardan daşary hem şäheriň bir ýerinde çäre bolsa, olaryň şol ýere barmagyna görkezme berilýändigini aýdýarlar.

Çäre geçirilýän ýere barmaly köçe süpürijiler ol ýere öz iş sagatlaryndan daşary zähmet çekmeli bolýandyklaryny hem-de özlerine berkidilen meýdançanyň tämizligi üçin jogapkärçilik çekýändiklerini köçe süpürijiler aýdýarlar.

Şeýle agyr işiň zähmet haky bolsa köçe süpürijileri o diýen kanagatlandyrmaýar, 800-900 manat aýlyk haklarynyň köp çagaly maşgalalar üçin ýeterlik däldigi aýdylýar.

Emma bu işlerde zähmet çekýän zenanlaryň köpüsiniň iş tapman, welaýatlardan gelip, kireýne jaýlarda ýaşap işleýändiklerini hem işçi zenan sözüne goşýar. “Halys işsiz oturanymyzdan, bir ýere gol çekip aýlyk alarmyz ýaly, iş tapylsa biz razy” diýip, ol aýdýar.

Şol bir wagtda, bu işlerde erkek kişileriň hem işleýändiklerini görse bolýar. Olar duralgalary ýuwmak, duralgalaryň daş-töweregindäki zir-zibilleri arassalamak ýaly işlerde işleýärler.

“Işsizligiň derejesiniň ýokary bolmagynda galýan wagty, duralgalary arassalamk, duralgalaryň aýnalaryny ýuwmak, duralgalardaky zir-zibilleri aýyrmak, köçeleriň ugrundaky zir-zibilleri ýygnamak ýaly ýeňil-ýelpaý işleri aýal maşgalalara goýup, erkek kişiler gurluşyklarda işleseler bu has oňat bolardy” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.