Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Soltan Açylowa 29-njy iýulda “Tigirli güni” surata düşürmek üçin barýarka, ýolda özüne “ölüm” bilen haýbat atylandygyny (türkmen dilinde) habar berdi. 29-njy iýul güni “ölüm” haýbatyny atan adam özüniň polisiýadan ugradylandygyny, habarçy nirä gitse ony yzarlap surat aldyrmazlyk barada özüne görkezme berlendigini aýtdy diýip, Açylowa 31-nji iýulda habar berdi. Geçen hepde Açylowa surata düşürjek wagty onuň telefonyny talamaga synanyşan adamyň eden hüjümi haýbatlar bilen dowam edýär.
68 ýaşly Açylowa edilen hüjümleriň soňkusy oňa 2016-njy ýylyň noýabr aýynda edilen hüjüme çalym edýär. Şonda paýtagt Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şypahananyň kafeteriýsine iki aýal gelip onuň üstüne “Ynha, şo-da şu, surata düşürip Türkmenistany masgara edýän” diýip gygyryp başlaýar. Bu hüjüm Human Rights Watch guramasynyň “Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir gurmaçylykly synanyşyk” diýip oňa 25-nji oktýabrda edilen hüjümi ýazgaryp beýanat ýaýratmagyndan bir gün soň edilipdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent: “Türkmenistanda ýa-da ösen dünýäniň islendik ýerinde žurnalistika işi jenaýatçylyk däl. Soltanyň Türkmenistanda öz işini ýerine ýetirmegini bes etdirtmek üçin indi onuň ömrüne aç-açan haýbat atylýar. Türkmen hökümeti Soltan Açylowany yzarlamagy derhal bes etmeli we onuň howpsuzlygyny üpjün etmeli” diýdi.
Açylowanyň habarlary AÝ/AR-yň halk arasynda Azatlyk radiosy diýip tanalýan Türkmen gullugynyň web sahypasynda yzygiderli çykýar. Türkmen gullugynyň direktory Farruh Ýusupowyň pikirine görä, Açylowa Türkmenistanyň içinden öz wideodyr fotosuratlary bilen websaýta goşant goşýan iň esasy habarçylardan biri. Soňky döwürlerde onuň habarlary hökümetiň Aziýa Oýunlaryna görýän taýýarlyk çärelerine gönükdirilýärdi. Ol golaýda paýtagt Aşgabadyň iň uly köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň heýkeliniň aýrylmagy barada hem habar beripdi.
Soňky üç ýylyň dowamynda AÝ/AR-yň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistandaky habarçylaryna edilýän hüjümler güýçlendi. Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk eden wideo žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew 2 ýyl mundan ozal ýitirim bolupdy we ol häzir neşe aýyplamalary esasynda tussaglykda saklanýar. Hukuk goraýjy toparlar onuň ýurduň günbatar regionyndaky ykdysady deňsizlik we sandan çykan infrastrukturalar barada beren habarlaryndan ar almak üçin onuň “toslama” aýyplamalaryň esasynda tussag edilendigini aýdýarlar. Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatyndan halkyň durmuşy bilen bagly wideo ugradansoň Azatlygyň beýleki bir habarçysy, Hudaýberdi Allaşow, 2016-njy ýylyň dekabr aýynda saklanýar we güýçli urlup ýenjilýär. Soňlugy bilen Allaşow bilen onuň ejesi Türkmenistanda giňden ulanylýan we mundan ozal türme tussaglygyna ýol açyp açmandygy bilinmeýän “nas saklamak” aýyplamasy esasynda üç aý tussag edildi.
Açylowa 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ýurduň dükanlarynda birden peýda bolan etiň nobatynda garaşýan adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirende raýat eşigindäki näbelli adamlar tarapyndan soraga çekilipdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we media hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar Türkmenistanda žurnalistleriň yzarlanmagy barada aladalaryny beýan edip gelýärler.
Freedom House guramasynyň 2017-nji ýyl üçin çap eden hasabatynda Türkmenistana media azatlygy boýunça “erkin däl” diýlip, oňa 199 ýurduň arasynda Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda 100-den 98 bal berlip sanawyň düýbünde ýerleşdirildi.
Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlar sebäpli AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň ýurduň içinde hereket edýän ofis edarasy ýok. Ýöne bu gulluk ýurduň döwlet kontrollygyndaky mediasyna türkmen dilindäki ýeke-täk alternatiwa hökmünde, ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlary esasynda işleýär. 2016-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň websaýtyna her aýda ortaça 440 müň adam girdi we 800 müň gezek sahypa tomaşa edildi. Azatlyk Radiosyny Facebookda 174 müň yzarlaýjysy bar.
AÝ/AR barada gysgaça
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy garaşsyz halkara habar guramasy bolup ol radio, mobil , internet we telewideniýe arkaly Orsýeti, Ukrainany, Eýrany, Owganystany, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryny, şeýle-de Baltik ýurtlaryny öz içine alýan 23 ýurtda 26 dilde 27 million adama habar ýetirýär. Ol Broadcasting Board of Governors (BBG) edarasynyň üsti bilen Birleşen Ştatlaryň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýär.