Aşgabadyň köçelerinde soňky 3-4 günden bäri Ahal belgili awtoulaglaryň azalandygy göze ilýär. Köçeler giňän ýaly boldy, çatryklarda awtoulag dyknyşyklary hem ýok, ozal swetoforlardan üçünji gezek ýananda geçip bolýan bolsa, indi swetoforlardan bir gezek ýananda geçse bolýandygyny sürüjiler aýdýarlar.
18-nji Iýulda Aşgabadyň köçelerinden welaýat belgili awtoulaglaryň, şol sanda Ahal belgili awtoulaglaryň Aşgabadyň Ankara (öňki Ýubileýnaýa) we 10-ýyl abadançylyk köçesiniň ugrunda täze gurulan awtoduralga ýygnalmagyndan soňra, bu habary eşiden welaýat belgili awtoulag eýeleri Aşgabadyň gaýrasyndan geçýän aýlaw ýoldan hem geçmäge ätiýaç edýändiklerini Änew şäheriniň ýaşaýjysy Omar gürrüň berýär.
Omaryň aýtmagyna görä, awtoulaglary jerime duralgasyna salnan ulag eýeleriniň köpüsi öz ulagyny häzire çenli-de ol ýerden çykaryp alyp bilmeýärler.
Köne awtoulag eýelerine ulagyndan tapyldy diýilýän kemçilige görä, uly jerimeler salynyp, olardan şähere girmejekdikleri barada dilhaty alnandygyny aýdýarlar.
Şeýle jerimeleriň möçberi 100-300 manat aralygyndadygy, eger tanyş-bilişlik üsti bilen maşynyňy çykaryp almak isleseň, ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine 500 manat möçberinde para bermeli bolýandyklaryny öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran sürüji aýdýar.
Şäheriň köçelerinde bolsa ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gije-gündiziň dowamynda güýçlendirlen nobatçylyk çekýändiklerine ýaşaýjylar ünsi çekýärler. “Olary her bir çatryklarda, garaşylmaýan öwrümlerde görse bolýar” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
Adynyň efirde tutulmazlygyny soran döwlet awtoinspeksiýasynyň resmisiniň aýtmagyna görä, nobatçylyk çekmäge ugradylýan işgärlere öz smenasynda azyndan 5 awtoulagy saklap, jerime awtoduralgasyna salmaklaryna görkezme berilýär.
“Şeýle görkezmäni ýerine ýetirjek bolsaň, düzgün bozmadyk sürüjileri hem saklap, bahana tapyp jerime awtoduralgasyna ugratmaly bolýarsyň. Sürüjiler ýol hereket düzgünlerini bozmandyklaryny hiç bir jähtden subut edip bilmeýärler. Awtoinspektoryň aýdany dogry bolmaly bolýar. Muňa sürüjiler doly göz ýetirip ugransoňlar, olar awtoinspektorlar bilen jedele girip hem durmaýarlar” diýip, resmi aýdýar.
Sürüjileriň aýtmaklaryna görä bolsa, bu dörän ýagdaýy ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri öz bähbitleri üçin ulanýarlar. Olar her bir ýoldan barýan sürüjini saklap, yrs arap başlaýarlar. Sürüji görgüli ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerinden sypsa kaýyl bolup, öz wezipeliräk garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň adyny berip, awtoinspektorlara özlerini “oňşup” goýbermeklerini teklip edip ýalbaryp başlaýarlar.
“Şeýle oňuşmagyň nyrhy 20 manat. Ýol gözegçilik gullugynyň işgäri sürüjilere ‘Men häzir akt ýazan bolaryn welin, senem gol çekenden bolup, kagyzyň aşagyna 20 manady sal’ diýip görkezme berýärler.
Sebäbi “tamda gulak bar” diýenleri, daş-töwerekde göz kän diýip, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ätiýaçlygy hem elden bermeýärler” diýip, Aman aýdýar.
Döwlet ýolbaşçysy korrupsiýa, parahorluga garşy aýgytly göreş yglan edip, ýörite edaralary döredip duran halatynda hem ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň hiç zatdan ätiýaç etmän, öz bähbitlerine işleýändiklerini sürüjiler nygtaýarlar.