Kreml ABŞ Orsýetdäki ilçihanasynda galdyrjak işgärlerini özi saýlamaly diýýär

Orsýetiň prezidentiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kreml Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçihanasynda haýsy işgärleriniň galdyryljagyny özüniň çözmelidigini aýdýar. Moskwa Waşingtondan Orsýetdäki diplomatlarynyň sanyny çürt-kesik azaltmagyny talap etdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň 31-nji iýulda aýtmagyna görä, ABŞ-nyň Orsýetdäki diplomatik missiýalarynda işleýän we işden gitmeli boljak 755 adamyň arasynda orsýet raýatlary hem bolup biler.

“Orsýetde şeýle köp ABŞ-nyň diplomaty ýok” diýip, Peskow aýtdy. “Biz diplomatlar, diplomatik statusy bolmadyk adamlar we ýerli işgärler, şol sanda işleýän orsýet raýatlary barada aýdýarys” diýip, Peskow aýtdy.

Moskwa ABŞ-nyň diplomatik işgärleriniň sanyny azaltmak baradaky talaby bilen, ABŞ-nyň senatorlarynyň Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek boýunça kanuny kabul etmeginiň yzýany çykyş etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Orsýetiň hereketlerini “gynandyryjy we garaşylmadyk” diýip atlandyrdy we Waşingtonyň mümkin jogaba seredýändigini aýtdy.

Waşingtonyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, Siriýadaky uruşda oýnaýan roly we onuň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna güman edilýän goşulyşmagy sebäpli ýaramazlaşypdy.