Türkmenistanyň günorta-gündogarynda YD-nyň dört şübheli söweşijisi saklandy

Türkmenistanyň Eýran bilen döwlet araçägi

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adam saklandy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesiniň gürrüň bermegine görä, dört şübheli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň territoriýasynda ele geçirildi.

Şeýle-de, adynyň anonim galmagy şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmäniň tassyklamagyna görä, söweşiji diýlip güman edilýänleriň dördüsi hem Türkmenistanyň raýaty bolup, olar Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşipdirler.

Onuň sözlerine görä, gürrüňi edilýän şübheliler geçen aý ýurduň Owganystan we Eýran bilen döwlet araçäginiň golaýyndan, takmynan demirgazyk Owganystanyň Hyrat welaýatyndan Türkmenistanyň territoriýasyna syzyp geçipdirler.

“Iýun aýynda üç ýurduň, ýagny Eýranyň, Owganystanyň we biziň serhet araçägimiziň birleşýän çatrygyny böwsüp geçdiler. Türkmenistanyň territoriýasyna dört adam geçdi we galanlary olara kömek berdi. Olaryň ählisi “Yslam döwleti” toparyndan bolup, olar gadymy gonamçylykda bukuldylar. Ýöne soňra olar şol ýerde-de tussag edildi. Bu waka Kaka etrabynda boldy. Türkmenistanyň raýaty bolan ähli etniki türkmenler Türkiýä gidip, soňra Siriýada we Yrakda söweşdiler. Indi olar bu ýere syzyp başladylar. Aýdylmagyna görä, olar Tejen we Mary sebitlerine berkleşen görnüşde geçmek üçin nobatdaky böwsüp geçmä garaşypdyrlar” diýip, Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň ofiseri gürrüň berdi.

Özüniň şübhelileri ele geçirmek operasiýalaryna yzygiderli gatnaşandygyny aýdýan ofiseriň tassyklamagyna görä, soňky aýlarda söweşiji diýlip güman edilýän onlarça adamyň türkmen territoriýasyna syzyp girendigi barada ýurduň harby aňtaw gullugynda maglumatlar bar.

“Serhetden 50 çemesi adamyň syzyp geçendigi barada maglumatlar bar. Olaryň 30 çemesi ele geçirilip, galanlary gizlenýär. Häzirki wagt serhediň diňe iki-üç ýerinden geçip bolýar. Aslynda serhediň ähli ýerinden geçip bolýar. Ýöne aman galmak üçin diňe suwuň kenaryndan ýa-da onuň golaýyndaky ilatly punktlaryň töwereginden hereket edip bolýar. Beýleki territoriýalardaky guýularyň aglabasy kontrollykda saklanylýar. Şeýle-de, territoriýa dikuçarlar bilen gözegçilik edilýär. Olaryň örän ýokary hilli harby ýaraglar bilen üpjün edilendigini bellemelidiris” diýip, Azatlygyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi aýdýar.

Azatlyk Radiosyna “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän adamlaryň tussag edilmegi bilen baglanyşykly ýurduň ýaragly güýçleriniň ofiseriniň aýdanlaryny beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. Ýöne ýurduň gürrüňi edilýän regionyna goşmaça harby güýçleriň we tehnikalaryň ýerleşdirilendigini Azatlygyň başga-da iki çeşmesi tassyklady.

Türkmenistanyň kanun goraýjy organlaryndaky çeşmäniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, muňa Marynyň Ahal welaýaty bilen serhetleşýän Oguzhan etrabynda bolan howsalaly ýagdaý sebäp bolupdyr. Şeýle-de, ol bu ýagdaýyň peýda bolan ýaragly toparlanşyk bilen ilteşiklidigini sözüniň üstüne goşdy. Ýöne ol bu ýagdaýyň, ýurduň döwlet serhedinden syzyp geçendigi aýdylýan şübheli söweşijiler bilen baglanyşykly bolup-bolmandygyny anyklap bilmedi.

Goranmak ministrligindäki çeşmäniň tassyklamagyna görä, söweşiji diýlip güman edilýänleriň çak edilýän esasy maksatlarynyň biri Mara sümmekden ybarat. Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlyk Radiosyna Mary şäherinde we onuň golaýyndaky etraplarda harbylaryň artdyrylandygy barada tassyklanmadyk maglumatlar hem gelip gowuşdy. Mary şäheriniň Ahal welaýatynyň administratiw serhet araçäginden 70-80 kilometr uzaklykda ýerleşýändigini hem bellemelidiris.

Şol bir wagtda, Marynyň administrasiýasyna golaý we adynyň anonim galmagy şerti bilen söhbetdeş bolan çeşme Azatlygyň habarçysyna welaýatyň häkimliginde operatiw ştabyň döredilendigi barada gürrüň berdi.

“Düýn gijäň ýary welaýat häkimliginde ýygnak boldy. Oňa kanun goraýjy organlaryň ählisiniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Islendik howply ýagdaýyň öňüni almak barada buýruk berildi. Ýöne şol bir wagtda, ilatyň arasynda dowul, howsala döretmezlik barada aýratyn tabşyryk berildi. Şeýe-de, häkimlikde gije-gündiz işleýän ştaby döretmek hakynda Aşgabatdan görkezme geldi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Azatlyk Radiosyna şeýle ştabyň Ahal welaýatynyň häkimliginde hem döredilip-döredilmändigini anyklamak başartmady.

Bu maglumatlar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinde indi birnäçe aý bäri howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygy barada maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hyrat we Farýab welaýatlaryna “Yslam döwleti” we “Talyban” toparlarynyň söweşijileriniň akym edýändigini yzygiderli habar berýär. Owgan ýerli resmileriniň tassyklamagyna görä, bu söweşijileriň aglabasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň raýatlary bolup, olaryň esasy maksady goňşy territoriýalara syzyp girmekden ybarat.

Geçen aýyň ortalaryna Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, ýurduň territoriýasynda “YD-niň terraktlaryna mahsus” hüjümleriň ähtimaldygy baradaky maglumatlary, daşary ýurt hökümetiniň türkmen häkimiýetlerine berendigini habar beripdi. Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, şonda “Yslam döwleti” topary bilen ilteşigi bolmakda güman edilen Türkmenistanyň dört raýaty tussag edilip, ýurda ekstradisiýa edilipdir. Azatlygyň çeşmeleriniň biri gürrüňi edilýän dört raýatyň Türkiýeden ekstradisiýa edilendigini aýtdy.