Türkmenistan jemgyýetçilik (wagyzçy) guramalarynyň edara jaýyny rejeledi

Prezident G.Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynda, "Türkmenistanyň Hronikasynyň" fotosuraty.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji iýulda Aşgabatdaky gurluşyklaryň barşy bilen tanşyp, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasyna hem baryp gördi.

Resmi habara görä, bu binada ýurduň iki sany syýasy partiýasy bilen dört sany jemgyýetçilik guramasy ýerleşýär, emma TDH syýasy partiýa sözüni agzaman, Demokratik partiýa bilen Agrar partiýany Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň hataryndaky jemgyýetçilik guramasy hökmünde görkezýär.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleriniň maglumatyna görä, bu bina başda gurlanda oňa 50 million amerikan dollary möçberinde döwlet serişdesi harçlandy, emma ony täzeden rejelemek we enjamlaşdyrmak üçin näçe çykdajy çykarylandygy, bu harajady kimiň çekendigi aýdylmaýar.

Prezident Berdimuhamedow täzelenen binany synlap, jemgyýetçilik guramalarynyň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýändiklerini belledi.

Emma ýerli synçylar, şol sanda aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, bu guramalaryň dolandyryjy partiýanyň ýa-da döwlet baştutanynyň wagyzçysy bolmakdan aňry geçmeýändigini, olaryň döwlete doly garaşlydygyny aýdýar.

Synçynyň sözlerine görä, kädeşler arkalaşyklarynyň we partiýalaryň, agzalaryndan alýan agzalyk töleglerinden başga, esasy maliýe serişdeleri döwlet goldawy, howandarlygy esasynda "gazanylýar".

Aýdaly, Demokratik partiýa garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri müňläp gektar ýer ýeňillikli şertlerde kärendesine berilýär we ol ýerlere döwletiň hasabyna ekin ekilýär hem-de alnan girdeji syýasy partiýany maliýeleşdirmäge gönükdirilýär.

Şu ýeňillikli şertler döwlet howandarlygynda döredilen beýleki jemgyýetçilik guramalaryna hem döredilýär diýip, azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berýär.

Bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistandaky jemgyýetçilik guramalarynyňbir jaýa ýygnanmagynyň özüniň hakykatda olaryň bir adamyň eliniň astynda saklanmagynyň goşmaça tassyklanmasy bolandygyny, hakyky demokoratik jemgyýetde beýle zadyň bolmaýandygyny aýtdy.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatyna görä, ýurtda döredilen syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň, zenanlar guramasynyň ýa ýaşlar birleşiginiň öz agzalarynyň durmuş-ýaşaýyş kynçylyklary, işsizlik ýa beýleki sosial problemalar barada açyk ýa metbugatda mesele gozgap, adamlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak barada alada ýa tagalla edenini gören ýok.

Mysal üçin, soňky döwürde türkmen prezidenti ýurduň agrar pudagyndaky problemalary bölekleýin boýun aldy, ekerançylykdan alynýan hasylyň pesdigini, bugdaý planynyň dolmandygyny, alnan bugdaýyň hiliniň talaby ödemeýändigini aýtdy.

Emma resmi metbugat Agrar partiýanyň ýygnaklarynda döwlet syýasatynyň goldanylandygyny habar berýär, şol bir wagtda bu partiýa daýhanlaryň agyr ýagdaýyny düzetmek barada hiç bir söz aýtmaýar diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Mundanam başga, ýerli synçylar türkmen kanunçylygynyň professional, hünär birleşigi esasynda syýasy partiýa döretmegi goldamaýandygyny ýatladýarlar. Emma Türkmenistanda soňky ýyllarda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa bir ugurda, bir pudakda zähmet çekýän adamlaryň birleşigi bolup durýar we ýurtda dowam edýän kanunçylyk beýle usulda partiýa döredilmegini gadagan edýär.

Ýurtdaky Demokratik partiýa esasan döwlet gullukçylarynyň, häkimiýetde ýa hökümetde wezipeli adamlaryň birleşigi bolup, belli derejede ozalky Kompartiýanyň roluny oýnaýar; Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşigi bolsa, ozalky komsomol guramasy ýaly, geljekde syýasy wezipäni eýelemek üçin basgançak bolup durýar diýip synçylar aýdýar.

Ýöne, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, sowet döwründe hem jemgyýetiň käbir problemalary barada metbugatda we ýygnaklarda açyk gürrüň edilýärdi, emma soňky döredilen jemgyýetçilik guramalary kommunistler döwründäki aç-açanlykdan hem has yza çekildi.

Türkmenistanyň kanunçylygy garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň döredilmegini kepillendirýär, emma ýurtda henize çenli beýle mümkinçilikden peýdalanyp bilen gurama bolmady.