Aşgabatda hereket diňe welosipedlerde amala aşyrylar

29-njy iýulda Aşgabadyň köçelerindäki ähli hereket diňe welosipedlerde amala aşyrylar.

Aşgabatda 29-njy iýulda awtomobil hereketi çäklendirilip, ir sagat 07:00-den giçlik sagat 19:00-a çenli köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler.

Ýöriş “Aziada-2017” oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli geçirilip, bu prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilipdi.

Döwlet mediasynyň berýän maglumatyna görä, “täze wagyz ediş çäresi” diýlip atlandyrylan bu ýörişiň geçýän wagty hususy ulag eýeleri öz awtotransport serişdelerini ýörite awtoduralgalarda goýmaly bolarlar; köçelerdäki ähli hereket bolsa, diňe welosipedlerde amala aşyrylar.

Resmi metbugat ýöriş bilen baglylykda paýtagtda we ýurduň beýleki welaýatlarynda ýörite taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berýär. Bu “taýýarlyklaryň” jikme-jikleri berilmese-de, adaty aşgabatlylar paýtagtyň köçelerinde polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sanynyň göz-görtele artandygyny aýdýarlar.

“Häzir paýtagta beýleki welaýatlardan hem getirilen [PÝGG] işgärlerini görse bolýar. Soňky 4-5 günde olaryň sany has-da artdy. Gözegçilik has güýçlendi. Ulaglar ne köçeleriň ugry boýunça, ne-de jaýlaryň arkalarynda goýdurylýar” diýip, Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynyň ýaşaýjylarynyň biri Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Bu aralykda, ýörişe gatnaşmaly edilen adamlar welosipedleri öz hasaplaryna almaly bolýandyklaryny, munuň hem özleri üçin goşmaça çykdajy bolýandygy aýdyp, zeýrenýärler.

“Her bir satyn alyp baran welosipediňi hem kabul etmeýärler. Ozalky gatnaşdyrylmaly edilen ýörişlerimiň birine 150 manada tigir alyp barypdym. ‘Bolanok, munyň arzan görünýär’ diýip, 600 manatlyk başga bir tigir aldyrdylar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran şäher häkimliginiň işgärleriniň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, sentýabrda geçmeli oýunlaryň golaýlamagy bilen, paýtagtda görülýän howpsuzlyk çäreleriniň hem barha güýçlenýändigini görse bolýar.

Mundan öň, welaýat ýerlerinden gelýän ulaglary Aşgabada goýbermegiň çäklendirilýändigi, olar üçin şäher eteginde ýörite awtoduralgalaryň gurulýandygy, paýtagtda köne maşynlaryň hereketine çäklendirme girizilýändigi barada habarlar peýda bolupdy.

Şeýle-de Aşgabatda prezident Berdimuhamedowyň özüniň talaby esasynda propiska düzgünleri berkidilip, region ýerlerinden gelýän migrant işgärleriň jaý kireýleri gymmatlandygy, olaryň gelen ýerlerine ugradylýandygy, köneräk eşikli adamlaryň saklanylýandygy habar berildi.