Azerbaýjanyň baş syýasy oppozision lideri üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Bakuwyň Sabail etrap sudy “Azerbaýjanyň halk fronty” partiýasynyň lideri Faik Amirlini dini ýigrenji tutaşdyrmakda we dini däp-dessurlar bilen baglylykda raýatlaryň hak-hukuklaryny depelemekde günäledi.
Amirli 24-nji iýulda üç ýyl we üç aý türme tussaglygyna höküm edildi.
Şeýle-de “Azatlyk” gündeliginiň maliýe müdiri Amirli özüniň bigünädigini aýdýar.
Onuň aklawçysy suduň çykaran kararyny “paýhassyz” diýip atlandyrdy we özleriniň bu karardan arz etjekdigini aýtdy AÝ/AR-na aýtdy.
Amirli 2016-njy ýylyň awgust aýynda tussag edilipdi. Derňewçiler Amirliniň ABŞ-da ýerleşýän türk dinçisi Fethulla Guleniň kitaplaryna ýykgyn edýändigini aýdýarlar. Türkiýäniň häkimiýetleri Guleni 2016-njy ýylyň iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyny gurnamakda aýypladylar. Gulen bu aýyplamalary ret edýär.
Adam hukuklaryny goraýjy azerbaýjanly we halkara toparlar Bakuwy Türkiýede gulençileriň yzarlanmagyny Azerbaýjanyň hökümetiniň tankytçylaryna garşy ulanmakda aýyplaýarlar.
Baku Türkiýede harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň prezident Rejep Taýyp Erdogana berk goldaw bildirdi.