Aşgabadyň prokurory paýtagtyň Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Döwlet mediasy Taşliýew Döwlet Akmuhammedowiçiň prezidentiň ýörite karary bilen prokurorlykdan boşadylyp, täze wezipä bellenendigini habar berýär. Ýeri gelende nygtasak, bu türkmen hökümetiniň 11-nji iýuldan 1-nji awgustda çenli, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň rugsady bilen, dynç alyşa çykan döwrüne gabat geldi.
“Ria-Nowosti” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 9-njy iýulda prezidentiň Köpetdag etrabynyň şol wagtky häkimi Azymberdi Annaçaryýewi wezipesinden boşadandan bäri bu iş ornuna hiç kim bellenilmändir.
Köpetdag paýtagtyň merkezi etraby bolup, onuň çäginde “Aziada-2017” oýunlarynyň geçmeli Olimpiýa şäherjigi, şeýle-de prezident köşkleri we birnäçe ministrlikleriň edara jaýlary ýerleşýär.
Galyberse-de, Täşliýewiň täze wezipä bellenmegi sentýabrda geçmeli “Aziada-2017” oýunlary bilen baglylykda Aşgabatda alnyp barylýan giň gerimli taýýarlyk işlerine gabat geldi.
Berdimuhamedow bu işleri öz kontrollygynda saklap, wagtal-wagtal paýtagtyň ýokarsyndan dikuçarlary aýlanyp hem gözegçilik edýär.
Geçen aýyň soňunda, Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlyk barada maslahat geçirip, wise-premýer D.Amangeldiýewe, şäher häkimi Ş.Durdylyýewe we beýleki resmilere işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi, soňky duýduryşlaryny berdi we käbir kadrlary çalyşdy.
Şeýle-de Berdimuhamedowyň Aşgabadyň üstünden amala aşyrýan “tanyşlyk uçuşlarynyň” netijesinde paýtagtyň, şeýle-de onuň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna täsir ýetirjek işlere badalga berilýär.
Bir tarapdan, “paýtagty abadanlaşdyrmak” işleri yglan edilip, onuň çäginde Aşgabatda we onuň eteginde, aglaba ýagdaýda degişli kompensasiýa berilmezden, on müňlerçe ýaşaýyş jaýy, jaýlara sepleşip duran goşmaça otaglar (‘pristroýkalar’) ýer-ýegsan edilen bolsa, beýleki tarapdan abat duran jemgyýetçilik maksatly binalar hem ýumruldy.
Mundanam başga, Aşgabatda ençeme ýyllap oturan saýaly baglaryň çapylmagy, birnäçe aý ozal abatlanan merkezi ýollaryň ýene-de ýapylyp, täzeden oňarylyp başlanmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykypdy.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, ozalky prokuror Taşliýewiiň öňünde, paýtagtyň merkezi etrabynyň häkimi wezipesinde, anyk nähili tabşyryklaryň goýulandygy aýdyňlaşdyrylmady, bulary diňe wagt görkezer.