Türkmenbaşynyň heýkeli nirä ýitirim boldy?

Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligniň öňünde oturdylan Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S. Nyýazowyň heýkeli goparlyp aýryldy.

Aşgabadyň merkezi köçeleriniň biri bolan Magtymguly şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligniň edarasynyň öňünde oturdylan Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S. Nyýazowyň heýkeli goparlyp aýryldy.

Mundan 4 aý ozal bu köçäniň ugrunda, heýkeliň ýerleşen ýerinde abatlaýyş işlerini alyp barmak maksady bilen aralyga gara örtgi çekilipdi.

Köçäniň bu böleginiň ýapylmagy bilen ol ýerde näme işleriň geçiriljekdigini ýaşaýjylar doly bilmeseler-de, abatlaýyş işleriniň başlanan ilkinji günlerinden, ol ýerde ozal bar bolan S. Nyýazowyň heýkeliniň goparylyp aýrylandygy aýdylypdy.

Aşgabatly pensioner 69 ýaşly Atageldi aganyň sözüne görä, bu ýerde nähili abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi, köçäniň näçe wagtlap ýapyk boljakdygy, heýkeliň näme maksat bilen aýrylýandygy barada, metbugat sahypalarynda hem, mediada hem ilata hiç bir maglumat berilmändir.

Emma ilatyň çaklamalaryna görä, S. Nyýazowyň heýkeliniň bu ýerden goparylyp aýrylmagy, onuň gabat garşysynda, köçäniň gaýra ýüzünde duran Magtymguly Pyragynyň heýkelniň aýryljakdygy baradaky myş-myşlar bilen bagly bolmagy ähtimal.

Ilat arasynda Magtymguly Pyragynyň heýkeli aýrylyp, ol şäheriň daşynda, dagyň belentliklerinde bir ýerde ýerleşdiriljekmiş diýen habarlar ýaýrandan soňra, S. Nyýazowyň Içeri Işleri ministrligniň edara jaýynyň öňünde oturan heýkeliniň daşyna hem gara örtgi çekildi.

“Elbetde, şol bir köçede, gabatlaşyp duran heýkelleriň birisini aýryp, beýlekisini goýmagy resmiler özlerine uslyp bilmän, ilatyň hem närazyçylygyndan ätiýaç edip, heýkelleriň ikisini hem aýyrmak kararyna gelnip biliner. Bu işi S. Nyýazowyň heýkelini aýyrmakdan başlan bolmaklary ähtimal” diýip, Atageldi aga aýdýar.

Häzirlikçe heýkeliň nirä ýitirim bolandygy belli bolmasa-da, onuň daşyndaky gara örtügiň aýrylyp, köçäniň açylmagyna ýaşaýjylar az begenmediler.