Aşgabatda welaýat belgili ulaglar jerime duralgasyna gabalýar

Polisiýa awtoulag sürüjisininiň resminamalaryny barlaýar. Arhiwden alnan surat

18-nji Iýulda ir ertirden Aşgabat şäheriniň köçelerinde hem-de çet-gyralarynda görnen welaýat belgili awtoulaglar saklanyp, olar Ýubileýnaýa – 10 ýyl abadançylyk köçeleriniň çatrygynda täze gurlan awtoduralga meýdançasyna getirlip başlandy.

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesiniň ýaşaýjysy Bekmyradyň aýtmagyna görä, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri 18-nji Iýulda şähere giren ähli welaýat belgili awtoulaglary, şol sanda Ahal welaýat belgili awtoulaglary hem saklap, ilki bilen yrs arap başlapdyrlar.

“Maşynyň köne, maşynyň ol ýeri sypjyrylan, bu ýeri hapa, tekeriň könelipdir” diýen ýaly bolgusyz bahanalar bilen eliňden dokumentleriňi alyp, soňra-da gulluk ulagyna münüp, “yzymdan sür” diýip, sürüjileri Ýubileýnaýa köçesiniň gündogar böleginde gurlan täze awtoduralga getirip başlapdyrlar.

Täze gurlan awtoduralganyň meýdançasynyň aşa giňdigine seretmezden, ol ýere girmek üçin, uly maşyn nobaty emele gelipdir.

Sürüjilere ilki bilen “maşynyňyzy awtoduralga salyň, şol ýerde düşünişeris” diýlipdir. Ulagyny goýan sürüjilere soňra hiç bir düşündiriş bermezden, awtoduralganyň daşynda garaşmalydyklaryny aýdypdyrlar.

“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri uzakly güni awtoduralga maşyn gabamak bilen başagaý boldular. Sürüjiler näme etjeklerini bilmän, ýanýodanyň gyrasynda jähek düzülen ýaly bolup, özlerine bir jogap berilmegine garaşdylar. Emma resmi gullugynyň işgärlerinden belli jogap bolmady.

Şol bir wagtda, ýokary wezipeli hossarlaryna jaň edip, jerime duralgasyndan çykyp gidýänlerem boldy. Emma arkasynda wezipeli hossary ýa tanyş-bilşi bolmadyk sürüjiler uzakly gününi gyzgyn howada aç-suwsuz awtoduralganyň daşynda garaşyp geçirdiler” diýip, Bekmyrat aýdýar.

Agşamara ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri sürüjilere “Erte sagat 10-da polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň Çoganlydaky edara jaýyna bararsyňyz. Tehpasportlaryňyzyň kopiýasyny alyp, düşündiriş ýazdyryp, jerimäňizi töläniňizden soňra, maşynlaryňyzy alyp bilersiňiz” diýip jogap berendiklerini, emma jerimäniň näçe boljakdygy barada hiç zat aýtmandyklaryny Bekmyrat aýdýar.

Ir ertirden saklanyp, jerime awtoduralgasyna gabalan ulaglaryň eýeleriniň köpüsiniň aýtmagyna görä, maşynlaryň ýük salonlarynda zaýa boljak azyk önümleri hem bar ekeni.

“Zeruryýet üçin alan azyk önümlerimizi bagaždan almaga hem rugsat bermediler. Et-süýt ýaly azyk önümleriň gyzgyn howaly şu günlerde näme bolandygy belli däl. Hamana sürüjiler uly bir etmiş eden ýaly, awtoulaglarymyzyň ýanyna hem golaýlaşdyrmadylar” diýip, sürüjiler zeýrenýärler.

Awtoduralga getirlip goýmaga mejbur edilenleriň arasynda ýük maşynlarynyň hem bardygy görünýär.

“Agşama çenli 200-den hem gowrak awtoulag jerime awtoduralgasyna ýygnaldy” diýip, sürüjiler aýdýarlar.

Sürüjileriň aýtmaklaryna görä, welaýat belgili maşynlaryň şähere girmeli däldigi barada metbugatda hiç bir bildiriş berilmändir.

“Welaýat belgili awtoulaglaryň şähere goýberilmeýändigi baradaky habarlary eşidýärdik. Ýöne Ahal welaýat belgili awtoulaglaryň şähere girmeli däldigi barada eşitmändik” diýip, Änewiň ýaşaýjysy aýdýar.