Ýokary okuw jaýlary tölegli bolar

Geçen ýylyň iýunynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda okuwlaryň tölegli edilmegi baradaky pikiri orta atypdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna dokumentleri kabul etmegiň başlanmagy bilen abituriýentler garaşylmadyk kynçylyklara ýüzbe-ýüz boldular.

Abadan şäherinde gurulyp ulanylmaga berlen Jemagat Hojalygy institutyna dokumentlerini tabşyrmaga baran aşgabatly Serdar ol ýerde okuwlaryň bu ýyl tölegli esaslarda boljakdygyny eşidip, dokumentlerini tabşyrman, yzyna gaýdandygyny aýdýar.

Ýokary okuwa girmek isleýän abituriýentlerden talap edilýän dokumentleriň sanawy metbugatda çap edilende, ýokary okuw jaýlarynyň bu ýyl tölegli boljakdygy barada bildiriş berilmändi.

“Ýakynda geçen Ministrler kabinetiniň mejlisinde döwlet ýolbaşçysy bu ýyl täze Jemagat Hojalygy institutynyň açylyp, ulanylmaga berlendigini, 2017-2018-nji okuw ýyly üçin, ýokary okuw jaýlaryna 8317 okuwçynyň kabul ediljekdigini aýdan bolsa-da, abituriýentleriň okuwlara tölegli esasda kabul ediljekdigi barada hiç zat aýtmady” diýip, Serdar aýdýar.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu garaşylmadyk täzelik ýokary okuwa girmek isleýän ýaşlaryň köpüsini aljyraňňy ýagdaýa salypdyr. Sebäbi öz güýji bilen okuwa girip, döwlet tarapyndan berilýän talyp haklarynyň hasabyna okamak isleýän ýaş oglan-gyzlaryň sany hem az däl.

Sosial taýdan pes hojalyklaryň çagalaryny para-pul berip okatmaga ýagdaýy bolmansoň, olar çagalarynyň öz zehini bilen okuwa girmeklerine bil baglaýarlar. Şeýle hojalyklarda diňe bir okuwa girmek üçin berilýän para däl-de, çagasynyň adaty çykdajylaryny götermäge-de ýagdaýlarynyň ýokdugyny görse bolýar. Abituriýentleriň tölegsiz kabul edilýän institutlary gözläp, ol ýokary okuw jaýyndan beýleki bir okuw jaýyna aýlanyp ýörenleriniň köpelendigini hem eşitmek bolýar.

Käbir ýokary okuw jaýlarynda birlän-ikilän tölegsiz kabul edilýän fakultetleriň bardygyny hem sözüne goşan maryly Aýnanyň aýtmagyna görä, ol fakultetlere dokument tabşyrýan abituriýentleriň sany juda agdyklyk edýär.

Ozaldan para-peşgeşiň hasabyna sanawa giren abituriýentleriň hem bardygy göz öňünde tutulsa, tölegsiz fakultetlere okuwa girmek mümkinçiliginiň hem aradan aýrylýandygyny Aýna aýdýar.

Bu täzeligiň başga bir kynçylygy, dokumenti täzeden düzetmek bolup durýandygyny aýdylýar. Abituriýent saglyk öýlerinde saglyk gözegçiliginden geçenlerinde, haýsy okuw jaýyny saýlap alýandyklary gaýtadan ýazmaly bolýar.

“Eger-de saýlan okuw jaýyňy üýtgedip, başga bir ýokary okuwa dokument tabşyrmak isleseň, onda, täzeden saglyk öýlerine baryp, dokumentiňi täzeden düzetdirmeli, bu bolsa artykmaç alada hem çykdajy bolýar” diýip, Aýna aýdýar.

“Ynha, ýokary okuw mekdepleriniň tölege geçýändigini ilat köpçüligine doly ýetirmezden, karar kabul edilip, bu ýylky abituriýentleri çykgynsyz ýagdaýa saldylar” diýip, aşgabatly mugallyma Näzli aýdýar.

Ýokary okuw jaýynyň bir ýylky tölegi üçin talap edilýän 5400 manat töleginiň bardygyny bilen abituriýentleriň bu tölege güýji ýetmejekleri tabşyrmaly dokumentlerini düzetmegiň ugruna hem çykmazdylar. Sebäbi saglyk öýlerinden düzetmeli dokumentler üçin hem her bir abituriýentiň 250-300 manada çenli çykdaja galýandygyny, şeýle puly tapmakda hem köp maşgalalaryň kynçylyk çekýändiklerini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň iýunynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda okuwlaryň tölegli edilmegi baradaky pikiri orta atypdy. Ol şonda şeýle diýipdi: “Talyplarymyzy tölegli esaslarda okatmaga geçmeli, eger-de bilimli we sowatly ýaşlar, ýagny ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, onda döwletiň hiç hili gelejeginiň bolup bilmejekdigine hem biziň anyk düşünmegimiz zerur”.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda okuwlaryň tölegli hasaba geçilmegi, ýurduň energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy sebäpli agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýan döwrüne gabat geldi.