Golaýda Owganystanda "Yslam döwleti" ekstremist toparynyň Jöwizjan welaýatynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän bir etrabyny ele geçirendigi barasynda maglumatlar ýaýrady. Jöwizjan welaýaty Owganystanda etniki türkmenleriň ilat sany taýdan agdyklyk edýän welaýatlarynyň biri bolup durýar.
Azatlyk Radiosyna dünýä türkmenlerinden gelip gowuşýan köpsanly hatlarda Türkmenistan bilen Owganystanyň serhet ýakasynda bolup geçýän çaknyşyklaryň ol sebitlerde ýaşaýan etniki türkmenlere nähili täsir ýetirýändigi soralýar.
Eýsem, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhatýaka sebitlerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň häzirki wagtda başdan geçirýän kynçylyklary diňe howpsuzlykdan ybaratmy ýa-da başga gyssagly çözgüde garaşýan nähili ýaşaýyş kynçylyklary bar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny diňleýjileriň islegleri esasynda Türkmenistan-Owganystan serhetýaka sebitlerinde bolup geçýän uruşlaryň ol ýerde ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna ýetirýän täsirlerine gönükdirýär.
Gepleşigiň myhmanlary: Owganystandaky etniki türkmenleriň "Türkmen şura" atly geňeşiniň başlygy Nygmatulla Saadat we Jöwizjandaky türkmenleriň wekili, inžiner Abdylgaffar Daýhan.
Gepleşigi diňläp, bu temadaky garaýyşlaryňyzy we teklipleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar