EKSKLÝUZIW: IIM-niň başlygy Isgender Mulikow baş prokuroryň gününe düşmezlik üçin işden çekilmäge çalyşýar

Türkmenisytanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow

Türkmenisytanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow otstawka çykmaga çalyşýar, emma ýurduň prezidenti onuň arzasyny kabul etmeýär. Bu barada Azatlyk radiosyna Aşgabatdaky iki çeşme habar berdi.

42 ýaşyndaky Isgender Mulikow soňky wagtlarda iki sany berk käýinç alansoň, saglyk ýagdaýyna salgylanyp, işden gitmek isleýär diýip, atlarynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen çeşmeler Azatlyga gürrüň berdiler.
Söhbetdeşlerimiziň biriniň tassyklamagyna görä, içeri işler ministri azyndan bir gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa otstawka çykmak haýyşy bilen ýüz tutdy, emma ol bu haýyşy kabul etmedi.

Ol başlygyň (prezident Berdimuhamedowyň – redaksiýanyň belligi) ýanyna baryp, özüniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy zerarly otstawka goýberilmegini sorady. Emma ol onuň haýyşyny bitirmedi. Mulikow örän çylşyrymly ýagdaýda dur, sebäbi başlygyň özüni örän basym il ortalaýyn işden boşatjakdygyny bilýär. Mulikowa hem Hallyýewiň (ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýew – redaksiýanyň belligi) ykbalynyň garaşýan bolmagy gaty mümkin, şu sebäpden ol öz arzasy bilen gitmek isleýär” diýip, hökümete ýakyn çeşme aýtdy.

Bu maglumaty Içeri işler ministrligine ýakyn başga çeşme hem tassyk etdi.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji maýynda geçiren hökümet maslahatynda prokuraturanyň we IIM-iň resmileriniň bir toparyny korrupsiýada aýyplap, Amanmyrat Hallyýewi baş prokuroryň wezipesinden boşatdy. Şol mejlisde prezident Mulikowa hem berk käýinç yglan etdi.

Amanmyrat Hallyýew

Azatlyk hökümetdäki çeşmesine salgylanyp, Hallyýewiň işden boşadylanyndan soň güýç gurluşlarynyň ozalky çinownikleriniň onlarçasy bilen bir hatarda tussag edilendigini habar berdi. Soňra döwlet telewideniýesi güýç gurluşlarynyň ozalky işgärleriniň bir toparynyň sud edilendigini habar berdi, emma ýörite programmada Hallyýewiň ykbaly barada hiç zat aýdylmady. Emma Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, ozalky baş prokuror häzire çenli hem tussagda saklanylýar.

Şonda, baryp maý aýynda biziň çeşmelerimiz Isgender Mulikowyň ýokarsyndaky “bulutlaryň goýalýandygyny” tassyk edipdiler. Azatlygyň çeşmeleri baş prokuroryň uly gykylyk bilen işden aýrylmagynyň birnäçe gün öňünden Berdimuhamedowyň gurply biznesmenlerden Aziadany geçirmek üçin serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligine gaharlanýandygyny habar berdiler.

Prezident Isgender Mulikowdan gurply adamlaryň, şol sanda biznesmenleriň hasabyna pul serişdelerini çekmek çärelerini aktiwleşdirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda Aşgabatda we regionlarda onlarça görnükli telekeçi tussag edildi, olardan Aziadanyň geçirilmegine pul kömegini etmek soralýar. Pul berilmese, yzynyň erbet boljagyny aýdyp gorkuzýarlar. Prezident Mulikowyň we prokuraturanyň hereketlerinden örän nägile. Baýramalyda birnäçe prokurory we IIM işgärini işden boşadyp, tussag etdiler. Prokurorlaryň biriniň öýi dökülende, 15 million dollar nagt pul tapyldy. Bu barada eýýäm prezidente habar berildi” diýip, Azatlygyň hökümet gurluşlaryna ýakyn çeşmesi 29-njy aprelde habar berdi.

Şeýle-de ol hemmeleriň 4-nji maýdaky mejlisde Mulikowyň hem işden boşadylmagyna garaşandygyny, emma ony prezidentiň golaýyndaky täsirli bir şahsyň goşulmagynyň halas edendigini tassyk etdi.

Mulikow indi ýukajyk buzuň üstünde ýöreýär. Ony Berdimuhamedowyň töweregindäki täsirli adamlar bilen gatnaşygy halas etdi” diýip, häkimiýete ýakyn çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň IIM-däki ýene bir çeşmäniň adynyň aýdylmazlygy şertinde gürrüň bermegine görä, otstawka gitmäge çalyşýan Mulikowyň hakykatdan hem saglyk problemalarynyň dörän bolmagy mümkin, sebäbi ol 22-nji iýunda hassahana ýerleşdirildi. IIM-niň işgäri Mulikowyň haýsy diagnoz esasynda hassahana ýerleşdirilendigini anyklap bilmedi, emma ol munuň näsag bolup görünmek üçin edilen emel bolmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar.

Azatlyk Mulikowyň hassahana ýerleşdirilendigi baradaky fakty tassyklap bilmedi, emma IIM-niň başga bir işgäri, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşip, içeri işler ministriniň iýunyň soňky hepdesinde birnäçe gün iş ýerinde bolmandygyny aýtdy. Şeýle-de, 21-nji iýunda, hassahana ýerleşdirilendigi çaklanylýan (22-nji iýun) gününden bir gün ozal, Mulikow Aşgabadyň Aziada taýýarlygyna bagyşlanan mejlise gatnaşdy.

42 ýaşyndaky Isgender Mulikow Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine 2009-njy ýylyň 29-njy maýyndan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ol bu wezipä 34 ýaşynda bellenip, iň ýaş içeri işler ministri boldy we bu wezipede özünden öňkülerden has uzak saklandy. Şeýle-de, ozalky ministrlerden tapawutlylykda, ol prezidentden hemmelerden kän berk käýinç aldy. Bu käýinçleriň ikisi oňa şu ýylyň maý we iýun aýlarynda, bir aýdanam az wagt içinde berildi.